Türkmenistandaky
iň iri gurluşyk we hojalyk
harytlarynyň söwda
merkezler toplumy
575555 / 575757 / 575553

UEFA Çempionlar ligasyndan soň, Ýewropa ligasynda-da iňlis finalyna garaşylýardy. Ýöne ýekeje gol geçirip bilmedik “Arsenal” bu çaklamalary puja çykardy. Myhmançylykda “Wilýarrealdan” 2-1 utulan londonlylar öz meýdançasynda golsuz deňme-deň oýnadylar. Şeýlelikde, “Wilýarreal” Ýewrokuboklaryň taryhynda ilkinji gezek finala çykmagy başardy. Ispan topary mundan öň UEFA-nyň ýaryşlarynda 3 gezek ýarym finalda utulypdy. Toparyň tälimçisi Unaý Emeri bolsa 5-nji gezek Ýewropa ligasynda final çykdy. Ol 3 gezek “Sewilýa”, 1 saparam “Arsenaly” finala çykarypdy. Şeýle-de, “Wilýarreal” UEFA-nyň ikinji derejeli klub ýaryşynda finala çykan 61-nji klub boldy.

“Old Traffordda” 6-2 hasabynda “Romany” ýeňen “Mançester Ýunaýted” aslynda finalyň bosagasyndan bir ädim ädipdi. Rimde oýnalan jogap oýnunda italýan kluby 3-2 hasabynda ýeňiş gazandy (Jeko 57, Kristante 60, Aleks Telles 83 ö.d. – Kawani 39, 68). Netijede, 8-5 öňe saýlanan Mankunianlar 2017-nji ýyldan soň 2-nji gezek Ýewropa ligasynda finala çykdy. “Mançester Ýunaýted” şol ýyl kubogy eýeläpdi.

“Wilýarreal” bilen “Mançester Ýunaýtediň” arasyndaky final duşuşygy 26-njy maý çarşenbe güni Polşanyň Gdansk şäherindäki “Meiýski” stadionynda oýnalar.