Elektron enjamlaryň dürli görnüşlerini öndürýän “Xiaomi” kompaniýasy serginlediji önümçiligini ýola goýdy. “Mijia Fresh” atly enjam sessiz işlemegi bilen tapawutlanýar. Sagatda 40 kub metre çenli howany sowadýan serginlediji dört gatly süzgü bilen üpjün edilipdir. Howanyň temperaturasyny görkezýän ekrany bolan “Mijia Fresh” howanyň düzümindäki organiki birleşmeleri we beýleki bölejikleri hem arassalaýar. Bu “akylly” öý enjamyny smartfonyňyz bilen uzakdan dolandyryp bilersiňiz.