7-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanan mejlisini geçirdi. Onda Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýene bir täzelik barada – özüniň «Aşgabat» atly kitabyny tamamlandygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz bu kitabyň gyzykly we peýdaly hem-de ak mermerli paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramyna watandaşlarymyza sowgat boljakdygyna ynanýandygyny aýtdy. Kitap taryhy maglumatlara baý bolup, onda Aşgabat şäheriniň dürli döwürleri barada gyzykly wakalar beýan edilýär. Kitapda Aşgabat şäheriniň häzirki keşbi dogrusynda hem okyjylary gyzyklandyrjak maglumatlar we foto suratlar ýerleşdirilipdir.