“Sensor Tower” atly maslahat beriş kompaniýasy iň köp ýüklenip alnan programmalaryň sanawyny mälim etdi. 59 million gezek göçürilen “TikTok” bu ugurda birinji boldy. “TikTok” “App Store”-de öňdeligi eýelän hem bolsa, “Android”-de ikinji boldy. Birinji onlukda “Facebook”-a degişli dört programma bar. Aprel aýyna degişli maglumatlara görä, “TikTok” “Google Play”-de “Facebook”-dan soňra ikinji boldy. “Facebook”, “Instagram”, “WhatsApp” we “Messenger” ilkinji bäşligiň dört ornuny eýeledi. Ilkinji onluga “Snapchat”, “Zoom”, “Telegram”, “CapCut” we “Google Meet” programmalary hem girdi. Amaly ulgam hasaba alnanda hem programmalar o diýen üýtgemeýär. “App Store” iň köp ýüklenen 10 programmany degişlilikde şular emele getirýär: “TikTok”, “Youtube”, “Instagram”, “WhatsApp”, “Facebook”, ZOOM, “Messenger”, “CapCut”, “Gmail” we “Google Maps” boldy. “Google Play”-de bolsa, “Facebook”, “TikTok”, “Instagram”, “Snapchat”, “WhatsApp”, “Messenger”, ZOOM, “Telegram”, “Google Meet” we “Hotstar” öňdeligi eýeleýär. “Sensor Tower”-iň bu maglumatlaryna oýunlar degişli däl. Kompaniýa oýun programmalary üçin aýratyn sanaw taýýarlapdyr.