Ýarymgeçiriji önümçiliginde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýasy IBM 2 nanometrlik çip öndürdi. Entek nusgalyk görnüşde taýýarlanan çip 7 nanometrlik çipe garanyňda 45 göterim güýçli we 75 göterim az energiýa sarp edýär. Şeýlelikde bu çipler elektron enjamlaryň batareýasynyň zarýad saklaýan wagtyny görnetin ýokarlandyrar. Şeýle hem maglumat merkezleriniň sarp edýän energiýasyny hem azaltmaga ýardam eder. Dünýäde sarp edilýän elektrik energiýasynyň 1 göterimi maglumat merkezleri tarapyndan ulanylýar. Çipiň ýokary geçirijiligi emeli aň we awtomatlaşdyrylan tehnologiýalaryň tizligini we ýerine ýetirýän amalyny artdyrar. Mundan ozal kompaniýa 7 nanometr hem-de 5 nanometr çipleri öndüripdi. 7 nanometr çip oturdylan “IBM POWER10” multiprosessorlary şu ýylyň dördünji çärýeginde satuwa çykarylar.