Hal­ka­ra bi­ler­men­ler­den dü­zü­len to­pa­ryň Mon­go­li­ýa­da ge­çi­ren ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de di­no­zaw­ryň ozal mä­lim bol­ma­dyk gör­nü­şi­niň üs­ti açyl­dy. 65 mil­li­on ýyl ozal ýa­şap ge­çen ki­çi­jik «Shuvuuia» at­ly di­no­zaw­ryň gi­je­si­ne uzak­dan gör­mek we eşit­mek uky­by­nyň bar­dy­gy anyk­lan­dy. Çöl­de ýa­şan jan­da­ryň gö­zü­niň di­no­zawr­la­ryň we guş­la­ryň äh­li­sin­den ulu­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Ulu­ly­gy to­wuk ýa­ly­rak bo­lan bu jan­da­ryň «te­re­pod» maş­ga­la­sy­na de­giş­li­di­gi aý­dyl­dy. Bu maş­ga­la de­giş­li di­no­zawr­la­ryň süňk­le­ri­niň içi boş, aýak­la­ryn­da üç bar­mak bol­ýar. Äpet göw­re­li, ýyr­ty­jy «Ty­ran­no­sau­rus rex»-ler hem şol maş­ga­la de­giş­li. Şeý­le di­no­zaw­ryň ga­lyn­dy­la­ry il­kin­ji ge­zek 1998-nji ýyl­da anyk­lan­dy. Tä­ze ta­py­lan di­no­zaw­ryň ki­çi süý­dem­di­ri­ji­ler we mör-mö­jek­ler bi­len iý­mit­le­nen­di­gi­ çak­lanyl­ýar. Yl­my bar­la­ga gat­na­şan pro­fes­sor Jo­nah Çoýn­ýe­re gi­je he­re­ket et­mek, top­ra­gy gaz­mak we yz­ky uzyn aýak­la­ryň hä­zir­ki çöl jan­dar­la­ry­nyň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy­dy­gy­na ün­si çe­kip, bu hä­si­ýet­le­riň 65 mil­li­on ýyl­dan hem öň ýa­şap ge­çen bir jan­dar­da jem­len­me­gi­niň haý­ran gal­dy­ry­jy­dy­gy­ny aýd­ýar. Hä­zir­ki wagt­da guş­lar te­bi­gy şert­le­re ga­ra­maz­dan, dün­ýä­niň äh­li ýe­rin­de ýa­şa­ýar. Em­ma bar­mak ba­syp sa­naý­ma­ly guş gör­nü­şi gi­je­si­ne aw ed­ýär. Ola­ryň ara­syn­da baý­guş hem­me­le­re mä­lim­dir. «Shuvuuia»-nyň gö­zü­niň baý­guş­lar­dan hem ýi­ti­di­gi aý­dyl­ýar. Yl­my iş ba­ra­da­ky ma­ka­la «Science» žur­na­lyn­da çap edil­di.

Gu­wanç MÜL­KI­ÝEW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.