Ger­ma­ni­ýa­nyň hö­kü­me­ti «Grü­ne Fi­nan­zie­run­gen» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan tä­ze stra­te­gi­ýa­sy­ny iş­läp düz­ýär. Onuň mak­sa­dy Ger­ma­ni­ýa­ny «ýa­şyl» ma­li­ýe mer­ke­zi­ne öwür­mek­den yba­rat­dyr. Dur­nuk­ly ma­li­ýe stra­te­gi­ýa­sy mak­sat­na­ma­sy 26 bö­lü­mi öz içi­ne alyp, ýur­duň hö­kü­me­ti ta­ra­pyn­dan me­ýil­leş­di­ril­ýär. Şeý­le­lik­de, Ber­lin ho­wa­ny go­ra­mak bo­ýun­ça tas­la­ma­la­ra ma­ýa go­ýum­la­ry­ny top­la­mak üçin anyk mak­sat goý­dy.
«Fe­de­ral hö­kü­met, Ger­ma­ni­ýa­ny dur­nuk­ly ma­li­ýe­leş­di­riş ba­ba­tyn­da öň­de­ba­ry­jy ýurt­la­ryň bi­ri­ne öwür­me­gi mak­sat edin­ýär» diý­lip, BMG-niň dur­nuk­ly ösüş mak­sat­na­ma­la­ry­na la­ýyk­lyk­da iş­le­nip dü­zü­len mak­sat­na­ma­da bel­le­nil­ýär.
Bu me­ýil­na­ma, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň 2050-nji ýy­la çen­li yk­lym­da zy­ýan­ly gaz­la­ryň ho­wa goý­be­ril­me­gi­ni bes et­mek ba­ra­da­ky mak­sat­la­ry­ny gol­da­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Bu mak­sa­da ýet­mek üçin Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy 35 mil­liard ýew­ro ma­ýa go­ýu­m bö­lüp ber­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Şeý­le hem hö­kü­met so­si­al gaz­na­lar­dan «ýa­şyl» tas­la­ma­la­ra 9 mil­liard ýew­ro bö­lüp ber­me­gi göz öňünde tutýar. Mun­dan baş­ga-da, hö­kü­met şu ýyl «ýa­şyl» ob­li­ga­si­ýa­lar çy­kar­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Olar je­mi 11,5 mil­liard ýew­ro möç­be­rin­de ge­çen ýyl çy­ka­ry­lan ob­li­ga­si­ýa­la­ra meň­ze­ýär. Maý aýyn­da 30 ýyl­lyk «ýa­şyl» ob­li­ga­si­ýanyň we ýy­lyň ikin­ji ýa­ry­myn­da 10 ýyl­lyk «ýa­şyl» ob­li­ga­si­ýanyň çy­ka­ryl­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýär.