Portugaliýanyň Portu şäherinde geçirilen sammitde Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynyň ýolbaşçylary sosial hukuklar boýunça hereket meýilnamasynyň çäklerinde 2030-njy ýyla çenli döwür üçin üç sany esasy maksady kesgitlediler.
20-64 ýaş aralygyndaky Ýewropa raýatlarynyň 78%-iniň işi bolmaly; ulularyň azyndan 60%-i ýylda birsyhly hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin niýetlenen okuwlara gatnaşmaly; mätäçlik howpy abanýanlaryň sanyny 15 milliona çenli azaltmaly.
Bular 2030-njy ýyla çenli sosial meseleleri çözmek üçin hödürlenen maksatlardyr. Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen, Ýewropa Parlamentiniň başlygy Dawid Sasoli, ÝB Geňeşine başlyklyk edýän Portugaliýanyň Premýer-ministri Antoniu Koşta, Ýewropanyň jemgyýetçilik hyzmatdaşlary we raýat jemgyýeti guramalary şeýle borçnamalary öz üstüne aldylar.
Bu forumdan soň geçirilen metbugat ýygnagynda Ursula fon der Lýaýen, Dawid Sassoli we Antonio Koşta sosial Ýewropany gurmak üçin elinden gelenini gaýgyrmajakdyklaryna söz berdiler. Ýewropa Komissiýasynyň başlygynyň pikiriçe, Ýewropanyň sosial maksatlary onuň daşky gurşaw we sanly maksatlary bilen utgaşmalydyr.
– Ýewropalylaryň zerur başarnyklara eýe bolmagy üçin iş bilen doly üpjün etmäge, şeýle-de sanly we durnukly ykdysadyýetde hemmeler üçin deň mümkinçilikleri üpjün etmäge ýakynlaşmak isleýäris – diýip, Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen belledi.