Ýewropa sapar eder. ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen iýun aýynda Ýewropa sapary wagtynda duşuşmagy meýilleşdirýändigini aýtdy. ABŞ-nyň Prezidenti 11-13-nji iýunda Kornuwollda /Beýik Britaniýada/ geçiriljek G7 sammitine gatnaşar we G7 ýurtlarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirer. Soňra Jozef Baýdeniň Belgiýanyň paýtagty Brýussele sapar etmegine garaşylýar.
Jemi içerki önümi öser. Beýik Britaniýanyň jemi içerki önümi 2021-nji ýylyň ahyryna çenli 7,25% ýokarlanar we bu 1941-nji ýyldan bäri halk hojalygynyň iň ýokary ösüş depgini bolar. Bu barada Angliýa Bankynyň çap eden hasabatynda mälim edilýär. Şeýle-de, Angliýa Banky 2022-nji ýylda ýurduň jemi içerki önüminiň ösüşi baradaky çaklamasyny 7,25%-den belli bir derejede peseltdi. 2020-nji ýylyň ahyrynda pandemiýa sebäpli Beýik Britaniýanyň jemi içerki önümi ep-esli pese gaçypdy. Bu ýagdaý 1709-njy ýyldan bäri ilkinji gezek ýüze çykypdy.
Girdejisi ýokarlanýar. Saud Arabystanynyň Milli nebit kompaniýasy «Saudi Aramco»-nyň şu ýylyň birinji çärýegindäki arassa girdejisi 21,7 milliard dollara çenli ýokarlandy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 30% köpdür. Bu ösüş halkara nebit bazarynyň güýçlenmegi, nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň girdejililiginiň ýokarlanmagy bilen mümkin boldy. «Saudi Aramco»-nyň 2020-nji ýyldaky arassa girdejisi dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli, takmynan, 45% azalyp, 49 milliard dollara düşüpdi.