Türkmenistandaky
iň iri gurluşyk we hojalyk
harytlarynyň söwda
merkezler toplumy
575555 / 575757 / 575553

Asman jisimlerini has ýakyndan öwrenmek maksady bilen işlenip taýýarlanan “James Webb” kosmos teleskopy uçurylmazdan ozalky soňky synagyndan geçirildi. NASA-yň işläp taýýarlan teleskopynyň aýnalary barlanyp görüldi. Şu ýylyň oktýabr aýynda uçuryljak teleskop, häzirki wagtda ulanylýan “Hubble” teleskopynyň ýerine ulanylar. Hünärmenler synagda ululygy 6,5 metre barabar bolan altynsow reňkli aýnalaryň eplenip, raketa berkidilmegini barlap gördüler. Kosmos inženerleri bu aýnalaryň kosmos giňişliginde bökdençsiz ýagdaýda işlejekdigini bellediler. Synagyň çäklerinde ululygy tennis meýdançasynyň barabar boljak saýawanynyň hem açylyp-ýapylyşy barlandy. Indi bolsa bu äpet enjam Fransuz Gwineýasyndaky Ýewropa kosmodromyna äkidiler. Göteriji raketany Ýewropa Kosmos Agentligi üpjün eder. Äpet teleskop uçurylandan 40 günden soň ýyldyzlary surata düşürip başlar. Teleskop arkaly her ýyldyzyň 18 suraty alnar. Dünýäniň 40-dan gowrak ýurdunyň alymlary bu teleskopyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilerler. Umumy bahasy 10 milliard dollar bolan teleskop ABŞ, Kanada we Ýewropa ýurtlary tarapyndan bilelikde taýýarlandy.