“Big Tech” diýlip atlandyrylýan dünýäniň iň uly ýedi tehnologiýa kompaniýasy geçen ýyl umumy girdejisini 3,4 trillion dollar artdyrdy. Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaý tehnologiýa kompaniýalarynyň girdejisini artdyrmagyna päsgel bermedi. CNBC teleýaýlymy bolsa, bu ýedi kompaniýanyň şu ýylyň birinji çärýeginde her minutda näçeräk girdeji gazanandygyny barada maglumat taýýarlady. Sanaw şeýleräk:

1. “Amazon”: 837 müň 330 dollar

2. “Apple”: 691 müň 234 dollar

3. “Alphabet”: 426 müň 805 dollar

4. “Microsoft”: 321 müň 805 dollar

5. “Facebook”: 201 müň 936 dollar

6. “Tesla”: 80 müň 162 dollar

7. “Netflix”: 55 müň 207 dollar

Bu ýedi firmanyň her minutda gazanan ortaça girdejisiniň bolsa 373 müň 606 dollardygy mälim edildi. “Amazon” we “Apple” girdeji babatda beýlekilerden görnetin tapawutlanypdyr.