Howanyň hapalanmagynyň öňüni almaga ýardam berjekdigi aýdylýan elektroulaglar häzirki wagtda adaty ýangyçly ulaglardan gymmat hasaplanýar. Şeýle hem bu ulaglara zarýad bermek üçin ýeterlik infrastruktura ýok. Bu bolsa, şeýle ulaglaryň ýaýbaňlanmagynyň öňündäki iň uly päsgelçilik hasaplanýar. Bilermenler 2027-nji ýyldan başlap, elektroulaglaryň bahasynyň adaty ulaglardan arzan boljakdygyny mälim edýärler. Maliýe analiz platformasy bolan “BloombergNef”-iň bilermenleriniň çaklamalaryna görä, elektrik energiýasy bilen işleýän ýeňil ulaglar we kiçi ýük ulaglaryň bahasy 2027-nji yla çenli adaty ýangyçly ulaglardan arzan bolar.  Şol bir wagtyň özünde batareýa önümçiliginiň bahasy we hökümetleriň howanyň hapalanmagynyň öňüni almak üçin bu pudaga berýän goldawy elektroulaglara islegi ýokarlandyrar.

Bilermenler häzirki wagtda orta ululykdaky elektrokaryň salgytdan ozalky ortaça bahasynyň 33 müň 300 ýewro, şonuň bilen deňeçer benzinli ulagyň bahasynyň 18 müň 600 ýewrodygyny bellediler. 2026-njy ýylda şeýle ulaglaryň ikisiniň bahasynyň hem 19 müň ýewro bolmagyna garaşylýandygy çaklanylýar.

Elektrik energiýasy bilen işleýän sedanlar we SUV görnüşli has uly ulaglar benzinli we dizel modeller ýaly arzan bahadan öndüriler. Şeýlelikde elektrokarlar 2027-nji ýyldan başlap, adaty ýangyçly ulaglardan arzan bolar. Mundan ozal maýa goýum banky UBS elektroulaglar bilen adaty ýangyçly ulaglaryň bahasynyň 2024-nji ýylda deňleşjekdigini ýüze çykaran seljerme geçiripdi. Bu barada görkezilýän seneler tapawutly bolsa-da, bilermenler batareýalaryň bahasynyň arzanlamagynyň dowam etjekdigi barada bir pikire geldiler. Batareýalar elektroulaglaryň iň agyr we gymmat bölegini düzýär. Şol sebäpli ýeňil we ýokary netije berýän batareýalaryň işlenip taýýarlanmagy elektroulaglaryň bahasynyň görnetin arzanlamagyna getirer. Bu ýagdaýyň häzirki wagtda ýangyjyň iki görnüşi bilen hem işleýän gibrid ulaglara bolan islegi hem azaldar.

Birküç ýyllakda hünärmenler elektrik energiýasyny alternatiw çeşmelerden öndürmegiň adaty çeşmelerden alanyňdan has arzan düşýändigi mälim edilipdi.