Aşgabat şäheri taryhy taýdan eziz Watanymyzyň ykbalyny kesgitlän möhüm senetçilik we söwda ýollarynyň çatrygynda, gözel Köpetdagyň eteginde ýerleşip, gadymyýetden häzirki wagta çenli täzeçillikleriň, öňdebaryjy pikirleriň giňden durmuşa ornaşdyrylýan sebitleriniň biri bolupdyr. Bu günki günde hem paýtagt şäheriň at-owazasy tutuş dünýäde ylalaşdyryjy merkez, dünýä ýurtlarynyň we halklarynyň ykbalyna dahylly bolan parahatsöýüjilik pikirleriniň gözbaş alýan ýeri hökmünde giňden tanalýar.
Aşgabat – ösen senagatlaşan şäher bolmak bilen, durnukly ösüşiň, howpsuzlygyň we gaýtalanmajak gözelligiň özboluşly nyşany hökmünde ykrar edilýär. Şunlukda, Aşgabat şäheri – Türkmenistanyň syýasy, durmuş-ykdysady, ylmy, tehnologik ösüşiň we innowasiýalaryň milli merkezi, döwletimiziň baş bilim we medeni merkezi bolup durýar.
Paýtagtymyz Aşgabat bu günki günde döwrebap ösüşiň milli nusgasyna öwrüldi. Durmuşa geçirilen gurluşyklaryň, täzeçil başlangyçlaryň netijesinde şäheriň görki, binagärlik keşbi düýpgöter özgerdi. Aşgabat özüniň tämizligi, arassalygy, suw çüwdürimleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen göwünleri bendi edýär.
2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Şunuň bilen baglylykda, her ýylyň 25-nji maýy – Aşgabat şäheriniň güni hökmünde ýurdumyzda dabaraly baýramçylyk çäreleri giňden bellenilýär.
Bu günki günde Ginnesiň rekordlar kitabyna Baş Baýdak sütüni, Oguz hanyň we onuň ogullarynyň suw çüwdürimler toplumy, “Älem” medeni-dynç alyş merkezi, “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkeziniň gurluşyk aýratynlygyna girýän Oguzhanyň sekizburçly ýyldyzy, şonuň ýaly-da Aşgabadyň Halkara howa menziliniň esasy ýolagçy terminalynda ýerleşdirilen gölüň şekili, Aşgabadyň Olimpiýa stadiony münberindäki ahalteke bedewi hem-de Sportuň suw görnüşleri boýunça merkezi girizilendir.
2020-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň paýtagty Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasynyň agzalygyna kabul edildi. Bu abraýly halkara guramasyndaky agzalyk şähere syýahatçylygyň dürli ugurlarynyň işjeň ösdürilmegine we hemmetaraplaýyn ýaýbaňlandyrylmagyna, şonuň ýaly-da şäheriň milli we halkara derejesindäki oňyn syýahatçylyk ýörelgesiniň işlenilip düzülmeginde täze mümkinçilikleri açýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Hökümetiniň we ÝUNESKO-nyň arasynda 2021 – 2023-nji ýyllar üçin Hereketleriň täze meýilnamasy işlenilip düzüldi. Bu resminamanyň taslamasy tarapyndan medeniýet, ylym-bilim ulgamyndaky ähmiýetli meseleler bilen bir hatarda, Aşgabat şäherini “Dizaýn” döredijilik ulgamy boýunça ÝUNESKO-nyň Şäherleriň döredijilik toruna girizmek boýunça hödürnamany taýýarlamakda işler dowam edýär.
ÝUNESKO-nyň Şäherleriň döredijilik tory 2004-nji ýylda döredilen özboluşly taslama bolup, dünýäniň şäherleriniň durnukly we inklýuziw ösüşiniň ähmiýetli şerti hökmünde innowasiýalaryň we döredijilik aýratynlyklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine itergi bermäge gönükdirilendir. Bu bolsa döwletimiziň daşary syýasy ulgamynda abraýly halkara guramalary, şol sanda BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, hususan-da işjeň hyzmatdaşlarynyň biri bolan ÝUNESKO bilen netijeli özara gatnaşyklarynyň barha ýygjamlaşdyrylýandygynyň subutnamasydyr.
ÝUNESKO-nyň Şäherleriň döredijilik tory amaly-haşam we halk sungaty, dizaýn, kinematografiýa, gastronomiýa, edebiýat, media sungaty we saz ýaly tematiki ulgamlar boýunça şäherleriň döredijilik mümkinçilikleriniň hemmetaraplaýyn açylyp görkezilmegini we dünýä jemgyýetçiligine köpugurly nukdaýnazarlardan şöhlelendirilmegini maksat edinýändir.
Aşgabat halkara derejesinde dürli ugurlardaky ähmiýetli forumlaryň, maslahatlaryň we duşuşyklaryň geçirilýän merkezleriniň biridir. Şu ýylyň dowamynda deňze çykalgasy bolmadyk we ösüp gelýän ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu bolsa halk arasyndaky “Ähli ýollar Aşgabada barýar” diýen jümlesini ýene-de bir gezek tassyklaýar. Çünki bu gün Aşgabat sebit we halkara derejesindäki iri ulag-üstaşyr merkezleriň biri bolup durýar.
Şeýle hem, 2021-nji ýylyň 13-17-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesinde Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň geçiriler. Mundan başga-da, şu ýylda tennis boýunça Dewisiň kubogy ugrundaky ýaryşyň Aziýa boýunça saýlama tapgyry geçiriler. Bu bolsa paýtagtyň sport diplomatiýasynyň hemmetaraplaýyn ilerledilmegi ugrundaky tagallalarynyň üstünlige eýe bolýandygyny aýdyň görkezýär. Aşgabadyň iri sport ýaryşlarynyň netijeli we ýokary derejede geçirilmegi babatynda baý tejribesi bar. Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylda Aşgabat Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny kabul etdi we oýunlar halkara talaplaryna laýyklykda üstünlikli geçirildi.
Umuman, Aşgabat şäheri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň iri syýasy-dolandyryş, söwda, medeni we ylmy merkezi bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen gözel paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak we onuň hukuk binýadyny berkitmek ugrunda amala aşyrylýan çäreler, halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy, yhlasly hem döredijilikli zähmet çekmegi, medeniýetli dynç almagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini tassyklaýar.
Tyllagözel Garlyýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.