Ýurdumyzda şu ýylyň Hormatly Prezidentimiz tarapyndan “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edilmegi bilen medeni mirasymyzy, milli edebiýatymyzy düýpli öwrenmäge, taryhda, edebiýatda we sungatda yz goýup giden beýik şahsyýetleriň geçen nusgalyk ýoluny ýaş nesillere ýetirmäge uly mümkinçilikler döredildi. Milli Liderimiziň: “Beýik alymlarymyzyň, söz ussatlarymyzyň gymmatly edebi mirasy dünýä siwilizasiýasynyň altyn hazynasynda mynasyp orun eýeleýär” diýen ganatly jümlelerini aňryýany bilen ödän ussat ýazyjylaryň biri-de Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Ýylgaý Durdyýewdir.
Ýylgaý Durdyýew 1934-nji ýylda Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda işçi maşgalasynda dünýä inýär. Ol orta mekdebi tamamlansoň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okaýar. Ol “Garagum” žurnalynyň, “Edebiýat we sungat” gazetiniň redaksiýalarynda, Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginde hem-de Medeniýet ministrliginde ençeme ýyllaryň dowamynda dürli wezipelerde işleýär. Şahyryň ilkinji goşgular ýygyndysy 1959-njy ýylda “Gülälek” ady bilen neşir edilýär.
Ýylgaý Durdyýewiň dürli ýyllarda birnäçe goşgular we poemalar ýygyndylary okyjylar köpçüligine gowuşdy. Onuň “Gülälek”, “Men güneşli ülkeden”, “Bizde goşgy okalanda”, “Ýyllaryň içinden geçip”, “Bakylyk”, “Ymarat”, “On iki süňňüm” hem-de “Ak atly” ýaly ajaýyp goşgulardan we poemalardan ybarat kitaplary her bir ynsan üçin gymmatly hazynadyr.
Şahyryň çeperçilik taýdan ýugrumy ýeten ajaýyp şygyrlarynda Watan mukaddesligi, tebigat gözelligi, ynsan häsiýetleri ýaly temalar täsirli açylyp görkezilýär. Onuň ulyny-kiçini biparh goýmaýan döredijiligi köptaraply bolmak bilen belent adamkärçilikli bolmagy, ýagşylyk etmegi, ula hormat goýmagy ündeýär:
“Halyn sora biri duranda aglap,
Geçiberme etegiňe daş baglap,
Adamlaryň göwnün bilmeseň awlap,
Sözleriň ýer tutmaz, diýeniň bilen.
***
Eý, dostum, bu dünýäň gadyryn bilseň,
Ilki abraý bilen saglyk dilegin.
Ýüregimi dökýän, pendimi alsaň,
Ýakyna, ýadyňa gowluk dilegin.
Şahyryň akgynly hem hyjuwly okalýan şygyrlary ynsan kalbynyň törüne baryp ýetýär. Onuň özüňe doga kimin pent edinmeli setirleri edil gurşun guýlan ýaly täsirli hem jaýdar aýdylan jümlelerdir.
Käte ykbal çüwmän, batsaň-da gussa,
Iniň halal bolsun, lebziň arassa,
Bu ömrüň manysy, adam neresse,
Janyň sagat, demiň barlygyndadyr.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Ýylgaý Durdyýew öz döredijiliginde goşgy düzüliş şekilleriniň birnäçe görnüşlerine ýüzlenýär. Ol mesnewi, müselles, murapbag, muhammes, müseddes, muabbag, mutassat, mutassag, muaşşar ýaly goşgy düzüliş şekillerinde birnäçe goşgulary döredipdir. Ol ajaýyp gazallary we tuýuglary hem bize miras galdyrypdyr. Şahyryň “Hatyn hasraty”, “Sähra nagmalary”, “Bäş pursat”, “Teşnelik”, “Daglar” hem-de “Alysda ot ýanýar” atly poemalary hem okyjylaryň gyzgyn söýgüsini gazanyp, olaryň söýgüli eserlerine öwrüldi.
Ý.Durdyýew öz galamyny kyssa žanrynda-da ezber ýöredip bilen ýazyjydyr. Onuň döreden powestleridir romanlary häzirki wagta çenli türkmen okyjysynyň gyzyklanmasyna eýe bolup geldi. Ýazyjynyň kyssa žanrynda döreden ilkinji eseri 1968-nji ýylda özbaşdak kitap bolup çapdan çykan “Ýaşyl yşyklar” powestidir. Bu powest türkmen demirýolçularynyň durmuşyna, çekýän halal zähmetlerine bagyşlanýar. Dili ýeňil bolan, wakalary hem gyzykly okalýan eserde baş gahryman Owadanyň üsti bilen durmuşda gabat gelýän kynçylyklaryň, özara düşünişmezlikleriň, biderek gybatlaryň adamy nähili ýagdaýa alyp barýandygy görkezilýär.
Ýazyjynyň ikinji bir şowly çykan kyssa eseri bolsa “Eneş” powestidir. Bu powest 1972-nji ýylda neşir edilýär. Ý.Durdyýewiň bu powesti 1941-1945-nji ýyllaryň gazaply uruş ýyllaryna bagyşlanypdyr. Eserde baş gahrymanlar Aksoltanyň hem-de Eneşiň keşpleriniň üsti bilen şol hupbatly ýyllarda urşuň yzynda galan türkmen zenanlarynyň edermenligi, batyrgaýlygy hem-de işeňňirligi görkezilýär. Eserde demir ýolda işleýän Aşyryň fronta gidensoň, onuň ornuny aýaly Aksoltanyň hem-de mekdep okuwçysydygyna garamazdan işeňňirlik görkezýän gyzy Eneşiň tutuşy örän täsirli beýan edilipdir.
Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Ý.Durdyýewiň 1978-nji ýylda çapdan çykan “Nedirbaý Aýtakow” atly romany hem görnükli eserleriň biridir. Ýazyjynyň 1984-nji ýylda okyjylara gowşan “Göreç” atly romany hem saýlama eserleriň biri hasaplanylýar. Eserde türkmen lukmanlarynyň ynsan saglygyny goramakda we bejermekde alyp barýan işleri beýan edilipdir. Bu romanyň baş gahrymany Röwşen göz lukmany kärine eýe bolandan soň, paýtagtda işlemän, öz obalaryndaky saglyk öýünde tutanýerli hem erjel zähmet çekýär. Ol özüniň ýagşy gylyk-häsiýetleri bilen her bir adamyň hormat-sarpasyna mynasyp bolýar. Ýazyjy romanyň üsti bilen türkmen lukmanlarynyň göz keseli ugrunda ýeten belent sepgitlerini gözkezýär.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Ýylgaý Durdyýew 1997-nji ýylda aradan çykdy. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gözel paýtagtymyzda açylan “Ylham” seýilgähinde beýik söz ussatlary bilen bir hatarda şygyrda hem kyssada galamyny ezber ýöredip bilen şahyr Ýylgaý Durdyýewiň hem ajaýyp heýkeli oturdyldy. Golaýda hormatly Prezidentimiziň Permany bilen şanly Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli sylaglanan merhum söz ussatlarymyzyň hatarynda Ýylgaý Durdyýewiň “Watana bolan söýgüsi üçin” diýen medal bilen sylaglanylmagy okyjylarymyzda çuňňur kanagatlanma döretdi.
Goý, gymmatly eserleri bize miras galdyran söz ussatlaryna çäksiz hormat goýýan, olary öwrenmäge we halka ýetirmäge giň ýol açan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, tutýan beýik işleri hemişe rowaç alsyn !
Döwletmyrat DAŇATAROW,
Ahal welaýat teleradio studiýasynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy.