Bir gezek halypa öz şägirtlerine ortasyna gara nokat goýlan arassa kagyzy görkezip:
– Näme görýärsiňiz – diýen.
Birinjisi: – Nokady.
Ikinjisi: – Gara nokady.
Üçünjisi: – Goýy gara nokady – diýipdir.
Şonda halypa şeýle diýen:
– Siziň baryňyz diňe nokady gördüňiz, ýöne hiç biriňiziň uly ak kagyza gözüňiz ilmedi! Biz adamyň ownuk-uşak kemçiliklerine-de şeýleräk garaýarys.
***
Şägirtleriniň biri halypasyndan sorapdyr:
– Eger-de kimdir biri meni ursa, men näme etmeli?
Ol şeýle jogap beripdir:
– Eger-de gury agajyň şahasy döwlüp, üstüňe gaçsa näme ederdiň?
Şägirt:
– Beýle ýagdaýda men näme edip bilerin? Bu bir ýöne tötänlik, ýöne bir gabat gelme ahyryn, çünki, haçan-da, ondan gury şaha döwlüp gaçanda, men bagyň aşagynda duran ekenim-dä.
Halypa şeýle diýen:
– Edil şunuň ýaly bol. Kimdir biri samsyklyk edipdir, gahar edipdir-de, seni urupdyr. Bu hem edil üstüňe agaçdan şaha gaçan ýalydyr. Goý, bu ýagdaý seni birahat etmesin, hamala diýersiň, hiç zat bolmadyk ýaly öz ýoluň bilen ýöräber!
***
Suwdan çykarylan owadanja daş köpriniň gyrasyndaky kiçiräk belentlikdäki dürli görnüşli ösümlikleriň we gülleriň arasyna düşüpdir. Ol duran ýerinden aşak gaçmak isläp öz ýanyndan şeýle diýen: “Men bu ösümlikler bilen bärde näme edeýin? Meniňem öz doganlarym bilen birlikde ýaşasym gelýär”.
Ol jan edip, bu maksadyna ýetipdir. Ýöne, köp wagt geçmänkä öz ykbalyndan nalap başlapdyr. Onuň üstünden arabalaryň tigirleri, aýaklaryna nal kakylan atlar, syýahatçylar dyngysyz basalap geçip durupdyrlar. Olar ony eýläk-beýläk agdaryp, ýere çümdüripdirler, käte bolsa, läbik we taşlandylar bilen üstüni gömüpdirler. Şondan soň, görgüli daşjagaz eden işine ökünip, özüniň taşlap gaýdan çola we rahat ýerine seredip galyberipdir.
***
Bir gezek deňiz kenaryndan uçup barýan çaýçaňňalaga uly balygy tutmak başardypdyr. Muny gören ýüzlerçe gara gargalar gulagyňy deşip barýan gagyldylary bilen çaýçaňňalagyň yzyndan eňipdirler. Çaýçaňňalak haýsy tarapa ýönelse, gara gargalar hem onuň yzyndan galmandyr.
Ahyrsoňy kowgudan ýadan guş dyrnaklaryny açyp, awuny ýere taşlapdyr. Gara gargalar derrew onuň yzyna düşmeklerini bes edip, ýere gaçan balyga topulypdyrlar.
Çaýçaňňalak kowgudan halas bolup, dynç almak üçin agajyň şahasyna gonupdyr. Ol bu rahatlykdan lezzet alyp, öz ýanyndan şeýle diýipdir: “Bu balyk meniň bar rahatlygymy bozdy. Ony taşladymam welin, derrew meni öz erkime goýdular!”.
Adam “balygy” tutup saklaýarka, ýagny islegleri gurşap alýarka, aladaly durmuşda ýaşamaga mejbur bolýar. Haçan-da, adam özüni köplenç betbagt edýän isleglerinden el çekende, kalby aram tapyp, sagadata gowuşýar.
***
Bir ýola bir akyldar özüniň birnäçe şägirtleriniň öňünde sapak berip durka, şeýle mysal getiripdir. Ol ullakan aýnadan edilen gaby alyp, ony iri daşlar bilen doldurypdyr. Soňra ol gaby stoluň üstünde goýup, şägirtlerinden onuň dolup-dolmandygyny sorapdyr. Hemmeler onuň doludygyny tassyklapdyrlar.
Onsoň akyldar owunjak çagyllary gaba guýup, ony birnäçe gezek çalarak silkeläpdir. Owunjak çagyllar daşlaryň aralary bilen düşüp, gowuz ýerlerini doldurypdyr. Soňra ol şägirtlerinden ýene-de gabyň dolup-dolmandygyny sorapdyr. Olar ýene-de gabyň doludygyny tassyklapdyrlar.
Soňra akyldar stoluň aşagyndan içi çägeli gaby çykaryp, ony hem gaba guýupdyr. Elbetde, çäge gabyň içinde galan iň soňky boşluklary hem doldurypdyr.
Iň soňunda ol birinji gaba meňzeş ikinji gaby tekjeden alyp, ony çäge bilen doldurypdyr. Soňra oňa iri daşlaryň birini sygdyrmaga dyrjaşypdyr, ýöne ol başa barmandyr, çünki muňa çäge päsgel beripdir.
– Indi bolsa – diýip, akyldar şägirtlerine ýüzlenipdir:
– Men şu gaplaryň üsti bilen öz durmuşyňyza akyl ýetirmegiňizi isledim! Iri daşlar durmuşdaky iň esasy zatlaryň tymsaly: bu siziň maşgalaňyz, siziň ýanýoldaşyňyz, siziň çagalaryňyz, siziň saglygyňyz. Durmuşyňyzda diňe şu zatlar bolsa hem ony boýdan-başa many-mazmun bilen dolduryp bolýar. Ownuk çagyllar bolsa, iş, öý, goş-golam ýaly maşgala zerurlyklaryny aňladýar. Çäge bolsa, durmuşdaky ownuk-uşak zatlary, gündelik alada-hysyrdylary alamatlandyrýar. Eger-de, gabyňyzy owalbaşdan oýlanman, çäge bilen doldursaňyz, onda eýýäm, hiç hili daşa ýer galmaz. Durmuşda hem şeýle bolýar: eger-de sen bar bolan güýç-gaýratyňy ownuk-uşak zatlara sarp etseň, onda eýýäm, möhüm zatlara hiç hili ýer galmaýar. Siz erňegine çenli çäge bilen doldurylan gaba meňzärsiňiz. Şonuň üçin öz ünsüňizi iň esasy zatlara gönükdiriň, öz ene-ataňyza, çagalaryňyza, ýanýoldaşyňyza wagt tapyň, öz saglygyňyza serediň! Şonda-da size işiňizi etmäge, öýüňize seretmäge we beýlekilere ýeterlik wagt tapylar.
Uly daşlaryňyza esewan boluň, olary gözden sypdyrmaň – diňe şolar has ähmiýetli, beýlekileriniň bary diňe çäge.
***
Bir ýola iki dostuň sözi azaşyp, biri beýlekisiniň ýüzüne bir şarpyk çalypdyr. Beýleki şapbadyň zarbyna erbet awunypdyr, ýöne sesini çykarman çägäniň ýüzüne “Şu gün jan ýaly dostumdan şapbat iýdim” diýip ýazypdyr.
Olaryň ýoly güýçli akýan derýanyň üstünden düşüp, suwdan geçip barýarkalar şapbat iýen dosty suwa gark bolup ugrapdyr. Ýöne dosty ony halas edipdir. Ol özüne gelenden soň, derýanyň kenaryndaky uly daş bölegine “Şu gün jan ýaly dostum meni halas etdi” diýip ýazypdyr.
Öz dostuna şarpyk uran hem-de ony halas eden öz dostundan sorapdyr:
– Haçan-da seni kemsidemde, sen ony çägä ýazdyň, indi bolsa, daşa ýazýarsyň. Näme üçin?
Dosty şeýle jogap beripdir:
Haçan-da, kimdir biri bizi kemsidende, ýelleriň süpürip taşlamagy üçin ony çägä ýazmaly. Ýöne, haçan-da, kimdir biri bize ýagşylyk eden-de hiç bir ýel-ýagmyr oňa kär etmez ýaly daşyň ýüzüne oýup ýazmaly.
***
Ýoluň ugry bilen aý ýaly görmegeý gyz gelýän eken. Birdenkä, gyz yzyndan bir oglanyň gelýändigini aňypdyr. Ol yzyna öwrülip, şeýle diýipdir:
– Aýtsaňyzlaň, siz näme üçin meniň yzyma düşüp gelýäňiz?
Oglan şeýle jogap beripdir:
– Sen bir bakyşda kalbymda tagt gurup, onuň soltany bolduň, sen meni özüňe şeýle bir maýyl edýärsiň welin, yzyňdan galman ýöremäge mejbur bolýaryn. Men sende öz göwnümdäki zenanyň keşbini görýärin. Sen meniň kalbymy özüňe ýesir etdiň!
Gözel gyz biraz dymyp, soňra şeýle diýipdir:
– Ynanar ýaly däl. Sen maňa nädip beýle tiz aşyk bolup bildiň? Ýöne meniň gyz jigim mendenem has owadan, mendenem has mylakatly. Ol meniň yzymdan gelýär, seret oňa!
Oglan biraz säginip, soň yzyna öwrülipdir, ýöne onuň gözleri bir garry kempirde eglenipdir. Oglan eýýäm, özünden arany açyp barýan gyzyň yzyndan ýetmek üçin ädimini çaltlaşdyrypdyr. Ol ýere ümsüm seredip, kaýyllyk bilen şeýle diýipdir:
– Aýtsaňyzlaň, siz nädip ýalan sözläp bildiňiz?
Gyz ýylgyryp, şeýle jogap beripdir:
– Aý oglan, senem maňa hakykaty aýtmadyň ahyryn. Sen maňa özüňi söýgüden joşýan ýaly edip görkezip bildiň. Eger-de, aýdýanlaryň çyn bolsa, näme üçin yzyňa öwrülip, başga bir aýala seredip bildiňiz?
***
Tekjede suw içmek üçin niýetlenen kiçijik toýun küýzejik duran eken. Otagyň künjünde bolsa, suwsuzlykdan agzy kepäp giden hassa ýatan eken. Ol “Suw, suw”, diýip, üznüksiz gaýtalaýardy. Häzirki ýagdaýda oňa kömek edere adam ýokdy. Hassa naýynjarlyk bilen suw sorap, zaryn iňňildeýärdi. Ahyry bu ýagdaýa küýzejik durup bilmedi. Onuň muňa rehimi indi.
Ol hassanyň düşegine togalanyp bardy we onuň eliniň deňinde saklandy. Hassa gözüni açanda, küýzejige gözi düşdi. Adam bar güýjüni jemläp, küýzäni aldy-da kepän dodaklaryna golaýlaşdyrdy. Ýöne ol küýzejigiň boşdugyna göz ýetirdi. Hassanyň gahary gelip, küýzejigi diwara tarap aýlap urdy. Ol diwara degip, çym-pytrak bolup gitdi.
Ýagşylyk ediň – eger-de, kimdir biri size kömek etmäge synanyşsa, ýöne onuň tagallalary netijesiz bolsa, ony toýun bölejiklerine öwürmäň!
***
Bir adam Sokrata ýüzlenip şeýle diýipdir:
– Dostuň sen barada näme diýenini bilýäňmi?
– Howlukma – diýip, Sokrat ony saklapdyr.
– Sen maňa aýtjak bolýan zatlaryňy ilki üç elekden geçir.
– Üç elekden?
– Bir zat aýtmazdan ozal, ony üç gezek elemeli. Ilki hakykat eleginden. Sen munuň hakykatdygyna ynanýaňmy?
– Ýok, men muny diňe eşitdim.
– Diýmek, onda sen munuň hakykatdygyny ýa-da ýalandygyny hem bilmeýän ekeniň. Onda ikinji elekden – gowulyk eleginden geçireli. Sen meniň dostum barada haýsydyr bir gowy zady aýtmakçymy?
– Ýok, tersine.
– Diýmek onda, siz onuň hakykatdygyna ynamyňyz bolmasa hem, ol barada haýsydyr bir erbet zady aýtmakçy bolýarsyňyz-da. Üçünji elekden – peýda eleginden geçirmäge synanyşaly. Seniň aýtjak bolýan zatlaryňy meniň diňlemegim şeýle zerurmy?
– Ýok, onuň zerurlygy ýok.
– Diýmek, onda seniň maňa ýetirjek bolýan zatlaryňda hakykat-da, gowulyk-da, peýda-da ýok. Onda ony näme üçin aýtjak bolýaň – diýip Sokrat sözüni jemläpdir.
***
Birwagt bir garry zenan ýaşapdyr. Ol ýaşynyň birçene barandygyna garamazdan, özüni juda ýeňil duýupdyr. Ol “Juwanlygyň ýaş bilen baglanyşygy ýok, ýaşlyk – bu diňe görnüş, emma ýaşyň ulalyşmagy bilenem, sagdyn durmuş ýörelgesini alyp baryp, ýaş görnüp bolýar” diýen pikiri aýtmagy gowy görýän eken.
Bu garry zenanyň durmuş ýörelgesine köpler geň galýan eken.
– Durmuşyňyzda haýsydyr bir buludyň bolmazlygy mümkin däl? – diýip onuň myhmanlarynyň biri dil açypdyr.
– Bulutmy? – diýip garry zenan ýylgyrypdyr: – Elbetde! Onda bu nurly ýagmyr nireden bolsun – diýip, ol sözüniň üstüni ýetiripdir.
Sagdyn pikir adama ganat berýär, beýlekisi bolsa, pişek.
Terjime eden
Ýegenmämmet Taýlyýew,
“Zaman-Türkmenistan”.