«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda giňden bellenilýän şanly senelere — eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna hem-de paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygyna giňden taýýarlyk görülýär. Goşa baýramçylyga giňden taýýarlyk görülýän döwründe hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary Aşgabat şäherimiziň waspnamasyna öwrüldi.
Aşgabadyň 140 ýyllygyna ajaýyp sowgat bolan bu kitap milli Liderimiziň jöwher paýhasyndan dörän eserleriniň üstüni ýetirdi. Giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenen kitapda Aşgabadyň taryhy, häzirki ösüşli menzilleri baradaky maglumatlar giňişleýin beýan edilýär. Kitapda berilýän maglumatlar bilen ugurdaşlykda, şäheriň dürli döwürlerdäki keşbini açyp görkezýän, dürli künjeklerinden düşürilen fotosuratlaryň hem bolmagy onuň täsirliligini has-da artdyrýar. Islendik adam kitaby okap, «Aziýanyň merjen şäheri» adyny alan Aşgabadyň giň hem owadan köçeleri, ak mermere beslenen kaşaň binalary, tebigy gözellikleri, bagy-bossanlyga bürenen seýilgähleri bilen ýakyndan tanyşmak mümkinçiligine eýe bolýar.
Aşgabat arassalygyň hem şäheridir. Mähriban Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, her hepdäniň şenbe güni köpçülikleýin arassaçylyk we abadanlaşdyryş çäreleriniň geçirilmegi şäherimiziň has-da arassa bolmagyna şert döredýär.
Şeýle hem gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli dowam edýän ekologiýa çäresi hem halkymyzda giň seslenme döretdi. Hormatly Prezidentimiz «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynda: «Aşgabat dünýäniň ykdysady taýdan ösen, medeni taýdan ýokary derejeli, iň gözel şäherleriniň biri» diýip belleýär. Bu onuň ýaşaýjylaryň medeniýetinde we «ýaşyl» şäher hökmünde paýtagtymyzyň abraýyny has-da belende götermek ugrundaky ekologiýa çärelerine işjeň goşulmagynda hem aýdyň görünýär. Awtoulagsyz günleriň yzygiderli geçirilmegi ak mermerli paýtagtymyzy ekologiýa taýdan arassa we ýaşamak üçin amatly şähere öwürmek boýunça alnyp barylýan köpugurly işlere uly goşantdyr.
Aşgabat soňky ýyllarda tehnologiýa täzelikleri yzygiderli ornaşdyrylýan şähere öwrüldi. Sanly ulgama geçmek we ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek, ylym we bilim ulgamlaryny özgertmek işleri dowam edýär. Sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp gurulýan binalar özünde ähli amatlyklary jemleýär. Doganlyk, döwletlilik, agzybirlik, abadançylyk, ynsanperwerlik, ynanyşmak ýörelgesi esasynda bina edilen paýtagtymyz bütin dünýäde uly abraýa eýedir. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, medeni-durmuş maksatly binalary gurmak boýunça ägirt uly işler amala aşyrylyp, şol işlere uly maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Ýurdumyzyň ýüregi bolan Aşgabatda halkara ähmiýetli maýa goýum taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilip, olar diňe bir ýurduň däl, adamzadyň bähbidine gönükdirilendigi bilen uly ähmiýete eýedir.
Diýarymyzyň gurluşyk ulgamynyň ösüşi şu ýyl 140 ýyllyk şanly senesi giňden bellenilýän Aşgabadyň ýaşaýjylarydyr myhmanlary üçin owadan, oňaýly we amatly şäher hökmünde ykrar edilmeginden, häzirki zaman ösüşlerinden hem aýdyň görünýär. Täze gurlan binalaryň ulanylmaga berilmegi şanly seneler bellenilýän ýylda ähli türkmenistanlylar üçin uly toý sowgadyna öwrülýär.
Gözel paýtagtymyzy dünýäniň iň owadan, ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwren Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýäris!
Bibijemal KAKABAÝEWA,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy.