Ýewropanyň elektron enjamlaryna bagyşlanan iň uly sergisi hasaplanýan “IFA Berlin 2021” koronawirus pandemiýasy sebäpli ýatyryldy. Her ýylyň başynda geçirilýän MWC-niň (Mobil dünýä kongresi) hem şu ýylkysy ýatyrylypdy. Munuň sebäbi hökmünde pandemiýa bilen bagly näbellilikler görkezildi. Şeýle hem häzirki wagtda bu çäräniň geçirilýän sergi zaly waksina merkezi hökmünde hyzmat edýär. Bu ýagdaýyň sentýabra çenli dowam etmegine garaşylýar. IFA-nyň guramaçylary geljek ýyl geçiriljek sergide ähli zerur zadyň taýýar bolmagy üçin senagat, söwda we medýa hyzmatdaşlary bilen bilelikde işleýändiklerini mälim etdiler. Geljek ýylky serginiň 2022-nji ýylyň 2-6-nji sentýabry aralygynda geçiriljekdigi habar berildi.