Şu ýyl Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň yk­dy­sa­dy­ýe­ti 4,2%, in­di­ki ýyl bol­sa 4,4 gö­te­rim ýo­kar­la­nar. Bu çak­la­ma Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň ýaz­ky ha­sa­ba­tyn­da mä­lim edil­di. Iki gör­ke­zi­ji hem few­ral aýyn­da­ky çak­la­ma­dan has ýo­ka­ry.
Ýew­ro­pa­nyň Yk­dy­sa­dy me­se­le­ler bo­ýun­ça ko­mis­sa­ry Pao­lo Jen­ti­lo­ni met­bu­gat ýyg­na­gyn­da eden çy­ky­şyn­da yk­dy­sa­dy ösüş çak­la­ma­sy­nyň ýo­kar­lan­ma­gy­nyň ÝB-de san­jym­la­ryň ge­çi­ril­me­gi we çäk­len­di­ri­ji çä­re­le­riň gow­şa­dyl­ma­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dy­gy­ny aýt­dy. Şeý­le hem gaý­ta­dan di­kel­di­şiň hi­li­niň, dep­gi­ni­niň we do­wam­ly­ly­gy­nyň bel­li bir de­re­je­de pan­de­mi­ýa­nyň tä­si­ri­ne uç­ra­ýan­dy­gy­ny we hö­wes­len­di­riş sy­ýa­sa­ty­nyň wag­tyn­dan öň ýa­ty­ryl­ma­ly däl­di­gi­ni aýt­dy.
Ha­sa­ba­ta gö­rä, ÝB-niň yk­dy­sa­dy ösü­şi hu­su­sy sarp ediş, ma­ýa go­ýum­la­ry we hal­ka­ra ba­za­ryn­da ÝB-niň önüm­le­ri­ne bo­lan is­leg bi­len ama­la aşy­ry­lar. Uly göw­rüm­li di­kel­diş me­ýil­na­ma­la­ry­nyň kö­me­gi bi­len Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň yk­dy­sa­dy­ýe­ti şu ýy­lyň dör­dün­ji çär­ýe­gin­de epi­de­mi­ýa­dan öň­ki de­re­je­si­ne gaý­dyp ge­ler. ÝB ýurt­la­ryn­da di­ke­li­şiň dep­gi­ni baş­ga­ça bo­lup, bi­le­le­şi­ge ag­za äh­li ýurt­la­ryň yk­dy­sa­dy­ýet­i­niň 2022-nji ýy­lyň ahy­ry­na çen­li epi­de­mi­ýa­dan öň­ki de­re­je­si­ne gaý­dyp gel­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. 2020-nji ýyl­da dün­ýä­de eme­le ge­len çyl­şy­rym­ly ýag­daý­lar se­bäp­li Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň yk­dy­sa­dy­ýe­ti 6,1 gö­te­rim pe­se gaç­dy.