Köňül saraýy tämiz türkmeniň ýüzüniň tuwagy saýýan zatlary nepis halysy, gamyşgulak bedewi, goşa tarly dutary. Biziň söhbetimiz hem şolaryň biri bolan türkmen halylary, olaryň gözbaşy, köküniň nireden gaýdýandygy hakynda. Türkmen halysy – syrly umman. Göl-nagyşlary, hamala diýersiň, gyjakçynyň tarlary öz erkine goýman döredýän ýürek gopduryjy owazyna çalymdaş. Paýhas bilen aňyň, duýgurlyk bilen gözelligiň, nepislik bilen ussatlygyň, hil bilen berkligiň şeýle ajaýyp sazlaşygy kimleri haýran etmeýär? Bu nepis sungat öz gözbaşyny gadymyýetiň syrly gatlaryna direýär. Arheolog W.I.Sarianidi häzirki zaman türkmen halylarynyň nagyşlarynyň üç müň ýyl ozalky gap-gaçlarda gabat gelýändigini tassyklaýar. Halyçylyk haýsy döwürde ýüze çykdyka? Ilkinji halylary çarwa, göçme halkyň ýa-da ekerançy, oturymly ilatyň haýsysy döretdikä? Bu mesele entek näbelliligine galsa-da, dürli pikirler orta atyldy. Akademik A.Jykyýew halylaryň we haly önümleriniň türkmenleriň çarwa durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülendigini nygtaýar. Orta Aziýa halylaryny ürç edip öwrenen S.M.Dudin olaryň hut çarwa çopan durmuşynyň önümidigini çaklaýar. Sungaty öwreniji G.A.Pugaçenkowa çig malyna – ýüňüne esaslanyp, türkmen halysynyň döreýşi ekerançylyk bilen bagly däl-de, çarwa we ýarym oturymly maldarçylyk durmuşy bilen baglydyr diýip ýazýar. W.S.Zaletaýewiň aýdyşy ýaly, düşegiň hem gapynyň, goş salmak üçin horjunyň, taýpa alamatynyň wezipesini ýerine ýetirýän, maşgala gurplulygynyň derejesini kesgitleýän halysyz çarwanyň durmuşyny göz öňüne getirmek mümkin däl. Biz hem türkmen halysy çarwa durmuşynyň önümi hökmünde ýüze çykypdyr diýen pikire gol ýapýarys.
Halylaryň dörän wagty bizi birnäçe müňýyllyklara uzap gidýär. Bu babatda gadymyýetden uç beren Pazyryk halysy alymlarda birnäçe pikirleri oýarypdy. 1947-nji ýylda Altaýdan tapylan bu halynyň ýaşyny alymlar 2400 ýyl diýip kesgitlediler. Bu halynyň merkezi gölündäki reňkleri paýtagtymyzyň şekillendiriş muzeýinde saklanylýan ýomut halysynyň nagşyna meňzeş. Şu iki halynyň dokalan wagtynyň arasynda birnäçe asyrlyk tapawudyň bardygyna ynanyp hem bolanok. Pazyryk haýsy halkyň önümi? Ine, şu sowaly Altaýdaky arheologik gazuw-agtaryş işlerine ýolbaşçylyk eden belli halyşynas S.I.Rudenko goýupdy. Alym altaý nagyşlarynyň arasynda Pazyryk halysynyň älemindäki nagşa meňzeşiniň ýokdugyny, halynyň Ahameni Eýranyndan ýa-da Orta Aziýadan Altaýa bir saý-sebäp bilen düşendigini ýaňzydýar. Arheologlar S.P.Tolstowyň, M.Ý.Massonyň pikiriçe, bu haly massaget taýpalaryna degişli bolmaly. Eýran alymy Mostafawi ony parfiýa halysy hasaplaýar. Taryhçy Öwez Gündogdyýewiň pikiriçe bu haly türkmenleriň gadymy ata-babalary bolan orta aziýaly çarwa halklarynyň elinden çykan bolmaly. Edebiýatçy alym A.Bekmyradow Pazyryk halysyny gadymy hun-oguz taýpalary bilen baglanyşdyrýar. Hunlaryň, oguzlaryň nesil dowamy bolan türkmenler özleriniň ata-babalarynyň öň ýaşan ýeri Altaýda ösen halyçylyk sungatyny, atçylygy soňky mekanlaryna – Orta Aziýa alyp gaýdypdyr. Biziň türkmen halyçylyk senediniň gözbaşyny Eýrandan ýa-da Altaýdan däl-de, hut şu Türkmenistandan gözlemeli, onuň kökleri hut şu toprakdan örňeýär diýesimiz gelýär. Arheolog I.Hlopin “Sumbar jülgesiniň taryhyndan pursatlar” atly makalalar toplumynda türkmen halylarynyň hakyky ýaşynyň üç ýarym müň ýyldanam köpräkdigi hakdaky pikiri orta atypdy. Özem onuň asyl mesgeni Sumbar derýasynyň ýakalary eken. Ol şeýle netijäni 1972-1976-njy ýyllarda geçiren arheologik işleriniň esasynda çykarypdyr. Sumbarýaka gadymy mazarlarda üstünden barlan kämil daş synnylar, ikler, haly keseri mundan 3-4 müň ýyl ozal dokma işleri üçin taslanan gurallar bolmaly.
Alymlar parfiýalylaryň öz halylary bilen ir döwürden bäri meşhurlyk gazanandyklaryny belleýärler. Günorta Türkmenistanyň bir böleginiň Parfiýa döwletiniň düzümine girendigini, paýtagtynyň bolsa Nusaýdygyny ýatlasak, türkmen halysynyň asyl mekany hakdaky ýokarda aýdylanlaryň hakykatdan daş düşmeýändigine ynansa bolar. Onsoňam, häzirki ýomut halysyndaky labyra meňzeş belgi bize Parfiýada patyşalyk eden Arşakidler dinastiýasynyň tagmasyny ýatladyp dur ahyry!
Eýsem, häzirki halylaryň gadymy halylar bilen meňzeşligi barmy? Muny aýdyňlaşdyrmak üçin ýene gözbaşa – Pazyryk halysy hakdaky gürrüňimize dolanalyň. S.I.Rudenko bu halynyň her bir nagşyna, suratlarynyň manysyna, reňk öwüşginine häsiýetnama beripdi. Onuň merkezi älemi öwüşgindäki daşy jäheklenen nagyşlardan ybarat, ol uzynlygyna alty-altydan, inine bolsa dört-dörtden ýerleşdirilen 24 sany öýjükden durýar. Alym Nejat Diýarbekirli Pazyryk halysynyň öýjüklere bölünmesini oguzlar tarapyndan dokalan halylaryň esasy nusgasyna gözbaş bolup durýandygyny belleýär. Alym hut şu äheňiň seljuk nusgalaryndaky sekizgraňlygyň häzirki zaman türkmen halylaryndaky göller üçin nusga bolup hyzmat edendigini nygtaýar. Türkmen edebiýatynyň taryhyny öwreniji A. Bekmyradow-da Pazyryk halysy barada örän gyzykly pikirler bardy. Ol bu haly barada: “Haly hunlaryň administratiw – etnografik gerbi bolupdyr. Halyda nagyşlaryň üsti bilen Oguznama hekaýatynyň ähli esasy detallary beýan edilipdir. Umuman, ony nagyşlara çitilen Oguznama diýip atlandyrmak boljak” diýip ýazypdyr. Alymyň ynanjyna görä, türkmen halysyndaky 24 göli dörtden alty hatara bölüp ýa-da 12-den iki hatara bölüp salmak däbi Oguz hanyň nesil daragty hakyndaky düşünje bilen bagly. Pazyryk halysynyň 24 gölli äleminiň daşy yzygiderli gaýtalanýan bürgüt suratly hyýaly ganatly jandar bilen jäheklenipdir. Gadymy döwürde bürgüdiň şeklini algyrlygyň, ýitiligiň oňony hökmünde harby goşunlaryň baýdaklarynda ulanandyklary bize mälimdir. Türkmen halky özüniň at bilen bagly düşünjesini hem hala siňdiripdir. Peýkam, doly, sagdak, sagdajyk we okgözi ýaly nagyşlar munuň subutnamasydyr. Pazyryk halysynyň iň çetki dört tarapynda hem biz ýedi-ýediden atly adamlaryň suratyna gabat gelýäris. Atşynas W.Kowalewskaýa olar barada: “Bu at ahal-teke atyndan başga zat däl. Meger ol söwda ýoly, ýa bolmasa harby maksatlar bilen Orta Aziýa getirilen bolmaly” diýip ýazýar.
Türkmen halysynyň nagşy halkymyzyň dünýä, älem, ýaşaýyş hakdaky düşünjeleriniň syrly aňladylmasydyr. Ynha, biziň öňümizde müň dürli syrly göl-nagyşlaryny lowurdadyp türkmen halysy ýatyr. Olaryň gizlin owazy oýansa, senem ony hezil edip diňleseň…
Islendik akaba gözbaşdan gaýdýar, onuň tämizligi elmydama gözbaşa bagly. Haly – türkmen kalbynyň ensiklopediýasy. Ony duýmak üçin bütin durkuň bilen bu syrly ummana berilmeli. Haly – türkmeniň ömür kerweniniň hemişelik hemrasy. Onuň owazy hiç haçan soňlanmajak aýdymlaryň çemeni.
Sahypjemal NAZAROWA,
Balkan welaýatynyň Serdar şäherindäki A.Geldiýew adyndaky 1-nji orta mekdebiň mugallymy, Kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy.