ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde belli suratkeş Winsent wan Goguň eserleri sanly sergide görkezildi. Tehnologiýanyň, sungatyň we sazyň birleşmegi bilen jadylaýjy sergi emele geldi. 70 müň inedördül meýdany öz içine alýan zalda belli suratkeşuň “Irisler”, “Ren derýasynda ýyldyzly gije” ýaly belli kartinalar bilen bir hatarda beýleki eserleri hem görkezilýär. Sergide kartinanyň şekili zalyň aşagyny, diwarlary we petigi gaplaýar.