Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda bu günki günde geljegimiz bolan çagalar çuňňur alada bilen gurşalýar. Çagalar baglarynyň täze binalaryny ulanyşa bermek indi ýurdumyzda däbe öwrülip barýar. Şäherlerimizde çagalaryň oýnap, wagtlaryny hoş geçirmekleri üçin niýetlenilen meýdançalaryň sany yzygiderli artýar. Çagalar baglaryndaky terbiýeçilik işleri edepli-ekramly, ylymly-bilimli, medeniýetli nesilleri ýetişdirmäge gönükdirilendir. Bu ýerde çagalar jemgyýetde bilelikde we agzybirlikde ýaşamagyň ilkinji endiklerine eýe bolýarlar, Watanyňy, il-günüňi söýmegi öwrenýärler.
1-nji iýunda dünýäniň ähli ýurtlarynda diýen ýaly Çagalary goramagyň halkara güni bellenilip geçilýär. 1-nji iýun – çagalar üçin diňe bir şatlykly baýramçylyklaryň biri bolman, eýsem, çagalaryň hemişe goraga, alada mätäçdigi we ulularyň olar barada jogapkärçilik duýmalydygyny ýatladýan seneleriň biridir.
Her ýylyň 1-nji iýunynda geçirilýän baýramçylyk Ýer ýüzüniň ähli adamlaryna çagalaryň hukuklaryny unutmaly däldigine, çagalaryň saglygyny goramaga, terbiýesiniň hem-de biliminiň berilmegine dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni gönükdirmekdir.
Terbiýäniň üç şahasy – jemgyýetiň, maşgalanyň we mekdebiň berýän terbiýesi aýrylmaz baglanyşykda amala aşyrylýar. Terbiýe meselesine has dykgat bilen çemeleşilýändiginiň esasy sebäplerinden biri hem, maşgala terbiýesiniň nesil terbiýesinde kesgitleýji wezipäni eýeleýändigindedir, çünki maşgala çaganyň beden terbiýesine hem, ruhy-ahlak terbiýesine hem toplumlaýyn çemeleşmek bilen, bu meselede mekdebiň hem jemgyýetiň daýanjyna öwrülýär. Maşgala çaganyň ýaşaýan hem terbiýelenýän ýeridir. Şol sebäpli çaganyň şahsyýet hökmünde kemala gelmeginde esasy wezipe maşgalanyň üstüne düşýär.
Türkmen halky nesil terbiýesine aýratyn ünslülik, talabedijilik bilen çemeleşipdir. Watanyňa, ene-ataňa wepaly bolmak, olaryň abadanlygyny gazanmak üçin janyňy orta goýmaga taýýarlyk çaga entek sallançakdaka, enesiniň, ejesiniň, gyz doganlarynyň hüwdüsi bilen onuň ganyna siňdirilipdir.
Çaga – durmuşyň güli, ýaşaýşyň özeni. Bu barada gürrüň edeniňde pederlerimizden miras galan bir däp ýadyňa düşýär. Perzendi dünýä inenden soň ony apalap, sagdyn ösdürmek, gowy terbiýe berip, il hataryna goşmak parz iş. Biri-birine örklenip, dowamata uzap gidýän bu ýörelgeler türkmeniň nesil daragtynyň mukaddes topraga berk kök urmagyna ýardam edýär. Ilatyň jan saglygy baradaky aladany döwlet syýasatynyň derejesine göteren, aýratyn hem nesil sagdynlygy hakynda yzygiderli tagalla edýän döwlet Baştutanymyz bu ýörelgäni has hem ýaýrawly dowam etdirýär. Türkmenistan bagtyýar çagalygyň hem-de iň arzyly islegleriň hasyl bolýan ýurduna öwrüldi. Munuň aňyrsynda bolsa döwlet Baştutanymyzyň bagtyýar çagalygy üpjün etmekdäki taýsyz tagallasy ýatyr.
Ýokarda hem belleýşimiz ýaly, terbiýäniň özeni watansöýüjilik terbiýesidir. Beýleki ahlak gymmatlyklarynyň ählisi şu söýginiň töwereginde jemlenýär. Milli Liderimiziň «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly kitabynda milli ruhumyza siňen ata Watan, ene toprak we beýleki mukaddeslikler barada eriş-argaç bolup geçýän ajaýyp pikirleri çagalary maşgalada terbiýelemegiň ýol-ýörelgesi bolup hyzmat edýär. Watan ene gujagyndan, maşgala ojagyndan başlanýar we şahsyýetiň ýaşaýan döwletiniň araçägine çenli uzalyp gidýän giňişligi öz içine alýar.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda sagdyn durmuşy kemala getirmek, ruhubelent, berk bedenli ýaş nesli terbiýelemek ugrunda alnyp barylýan işler, durmuşa geçirilýän özgertmeler täze derejä çykýar. Turuwbaşdan orta we ýokary okuw mekdeplerde bedenterbiýäniň okuw dersi hökmünde girizilmegi, şonuň bilen bilelikde häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän iri sport toplumlarynyň ulanylmaga berilmegi, öň bar bolan stadionlaryň, sport desgalarynyň durkunyň abadanlaşdyrylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Soňky döwürde bedenterbiýäniň ähmiýeti, ýaş nesli kemala getirmekde sportuň tutýan orny barada hormatly Prezidentimiz bize häli-şindi ýatladyp durýar.
«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň ähli ýerinde tomusky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň işläp, ol ýerleriň durmuşyň güli hasaplanýan güler ýüzli çagalardan dolmagy bellenilýän şeýle şatlykly baýramlary has-da goşalandyrdy.
Eziz Babaýew,
Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje
adyndaky etrabynyň Çagalar sungat mekdebiniň direktorynyň okuw işleri boýunça orunbasary, KA-nyň işjeň agzasy.