26-njy maý­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow
ýur­du­my­za iş sa­pa­ry bi­len ge­len Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň da­şa­ry iş­ler
mi­nist­ri A.Ka­mi­lo­wy ka­bul et­di.

Myh­man türk­men top­ra­gyn­da mä­hir­li ka­bul edi­len­di­gi üçin döw­let Baştutanymy­za ho­şal­ly­gy­ny be­ýan edip, Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şawkat Mir­zi­ýo­ýe­wiň tüýs ýü­rek­den sa­la­my­ny hem-de şan­ly wa­ka­lar, şol san­da türk­men paý­tag­ty­nyň 140 ýyl­ly­gy we Türkmenistanyň Prezidentiniň örän gy­zyk­ly hem-de mö­hüm bo­lan eser­le­ri­niň, aja­ýyp Aş­ga­bat şä­he­ri­ne we mil­le­tiň ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­na ba­gyş­la­nan ki­tap­la­ry­nyň ne­şir edil­me­gi my­na­sy­bet­li iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny we gut­lag­la­ry­ny ýe­tir­di.
Mil­li Li­de­ri­miz hoş­ni­ýet­li söz­ler üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, goň­şy ýur­duň ýol­baş­çy­la­ry­na hem-de dost­luk­ly hal­ky­na iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di we ga­dym­dan gel­ýän hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň mä­käm bin­ýa­dyn­da gu­ral­ýan ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da hormatly Prezidentimiz we Öz­be­gis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­sy­nyň ýol­baş­çy­sy köp­ta­rap­ly döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň şu gün­ki ýag­da­ýy hem-de iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de, oza­ly bi­len, iri hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň hem-de ab­raý­ly se­bit dü­züm­le­ri­niň çäk­le­rin­de gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri ba­ra­da pi­kir alyş­dy­lar.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Türk­me­nis­ta­nyň se­bit bo­ýun­ça goň­şu­la­ry bi­len do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­na üýt­gew­siz yg­rar­ly­dy­gy­ny tas­syk­lap, şol ýurt­lar bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň oňyn hä­si­ýe­ti­niň köp ba­bat­da Mer­ke­zi Azi­ýa­da amat­ly sy­ýa­sy we yk­dy­sa­dy ýag­da­ýyň eme­le gel­me­gi­ni şert­len­dir­ýän­di­gi­ni bel­le­di.
Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, ýurt­la­ryň iki­si hem mö­hüm umu­my me­se­le­le­ri bi­le­lik­de çöz­mek­de hyz­mat­daş­ly­gyň mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na mö­hüm äh­mi­ýet ber­ýär­ler, şol me­se­le­le­riň ha­ta­ryn­da, se­bit­de suw se­riş­de­le­ri­ni do­lan­dyr­mak hem-de re­je­li peý­da­lan­mak we­zi­pe­si bar.
A.Ka­mi­low bi­ziň döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan al­nyp ba­ryl­ýan pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ta hem-de türk­men Li­de­ri­niň äh­lu­mu­my howp­suz­ly­gyň we dur­nuk­ly ösü­şiň bäh­bi­di­ne öňe sür­ýän hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­na ýo­ka­ry ba­ha be­rip, Öz­be­gis­ta­nyň gel­jek­de hem ýur­du­my­zyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň, şeý­le hem beý­le­ki hal­ka­ra dü­züm­le­ri­niň çäk­le­rin­de öňe sür­ýän tek­lip­le­ri­ni hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­da­jak­dy­gy­ny nyg­ta­dy.
Söh­bet­deş­ler Türk­me­nis­ta­nyň we Öz­be­gis­ta­nyň kö­pa­syr­lyk dost­luk gat­na­şyk­la­ry­nyň iň go­wy ýö­rel­ge­le­ri­ni do­wam et­mä­ge hem-de sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy we me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­lar­da gat­na­şyk­la­ryň gi­ňel­dil­me­gi­ne öza­ra taý­ýar­dyk­la­ry­ny tas­syk­lap, mö­hüm ugur­la­ryň bir­nä­çe­si bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­me­giň ze­rur­dy­gy­na ün­si çek­di­ler.
Iki goň­şy döw­le­tiň kuw­wat­ly yk­dy­sa­dy müm­kin­çi­lik­le­re eýe bol­mak bi­len, yna­nyş­mak hem-de öza­ra bäh­bit­le­ri na­za­ra al­mak ýö­rel­ge­le­rin­de gu­ral­ýan hyz­mat­daş­ly­gy di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­me­gi ugur edin­ýän­dik­le­ri bel­le­nil­di.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Söw­da-yk­dy­sa­dy, yl­my-teh­ni­ki we me­de­ni hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki türk­men-öz­bek to­pa­ry­nyň alyp bar­ýan iş­le­ri­ni iş­jeň­leş­dir­me­giň hem-de dür­li de­re­je­de iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­la­ryň yzy­gi­der­li ge­çi­ril­me­gi­niň mö­hüm­di­gi­ne üns çe­kil­di.
Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da hormatly Prezidentimiz we Öz­be­gis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­sy­nyň ýol­baş­çy­sy bi­rek-bi­re­ge hoş­ni­ýet­li ar­zuw­la­ry be­ýan edip, ne­ti­je­li döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň gel­jek­de hem ok­gun­ly ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di­ler.
* * *
Şol gün de­giş­li mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da türk­men-öz­bek gep­le­şik­le­ri ge­çi­ril­di, onuň jem­le­ri bo­ýun­ça iki mö­hüm res­mi­na­ma: Ýer­den muzd­ly peý­da­lan­mak ha­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da­ky Yla­la­şy­ga goş­ma­ça Yla­la­şy­ga hem-de Suw ho­ja­lyk me­se­le­le­ri bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki türk­men-öz­bek hö­kü­me­ta­ra to­pa­ry ha­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da Yla­la­şy­ga gol çe­kil­di.