Russiýanyň «Gazprom» kompaniýasy Sankt-Peterburg şäherinde iri desganyň gurluşygyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Beýikligi 703 metre deň boljak binanyň 590-njy metrinde synlaýyş meýdançasy bolar. Bina gurlup gutarylanda dünýäniň iň beýik ikinji desgasy bolar. Kompaniýa Fin aýlagynyň kenarynda täze jemgyýetçilik-işewürlik şäherçesini döredýär. Bu ýerde ozal «Lahta Sentr» atly gökdirän gurlupdy. Indi bolsa «Lahta Sentr 2» taslamasyny durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Beýikligi 703 metr bolan bu desga innowasiýa we «ýaşyl» gurluşyk boýunça hem öňdebaryjylaryň biri bolar. «Lahta Sentr» diňiniň beýikligi 462 metre barabar bolup, Ýewropanyň iň beýik ymaraty hasaplanýar. Şu ýyl «Lahta Sentr» desgasy «CTBUH Awards 2021» atly halkara baýraklarynda «Ýewropanyň iň gowy belent binasy», «Beýik binanyň gurluşygy» hem-de «Belentligi 400 metrden ýokary iň gowy bina» ýaly ugurlar boýunça ýeňiji boldy.
Nurana BEGMATOWA,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.