2021-2023-nji ýyllarda Russiýa Arktika geňeşine başlyklyk eder. Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň degişli karary hukuk maglumatlary portalynda mälim edildi. Başlyklyk 2021-nji ýylyň maý aýynda Islandiýadan Russiýa geçiriler.
Arktika geňeşi 1996-njy ýylda döredildi. Ol Arktikanyň 8 döwletini – Daniýa, Islandiýa, Kanada, Norwegiýa, Russiýa, ABŞ, Finlýandiýa we Şwesiýa ýaly ýurtlary öz içine alýar. Geňeşiň ýygnaklaryny guramagy we umumy mowzuklary kesgitlemegi ýolbaşçylyk edýän ýurt öz üstüne alýar.
Arktika geňeşi esasan, ekologiýa, ykdysadyýet, medeniýet, saglygy goraýyş, adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak, Demirgazykdaky ýerli halklaryň bähbitlerini goramak ýaly taslamalara gözegçilik edýär.
Arktika geňeşi döredilen gününden bäri awiasiýa, deňiz gözlegi we halas ediş hyzmatdaşlygy, deňziň nebit bilen hapalanmagyna garşy göreş, şeýle hem Arktikada halkara ylmy hyzmatdaşlygy güýçlendirmek boýunça 3 sany kanuny resminamany kabul etdi.
Bu Russiýanyň Arktika geňeşinde başlyklygynyň ikinji möhleti bolar. Birinjisi 2004-2006-njy ýyllarda bolupdy. Häzirki wagtda Arktikada dört million töweregi adam ýaşaýar we olaryň ýarysyndan gowragy Russiýanyň polýar eýeçiligindäki ýerlerdedir.