Hytaýyň «China Huaneng» kompaniýasy Tibetdäki iň çuň derýa hanasy Ýarlung Sangponyň üstünden geçýän ýoluň möhüm böleginiň gurluşygyny tamamlady. Maglumatlara görä, uzaklygy 67 kilometre deň bolan bu ugry magistral ýoly bilen birleşdirmek üçin ýedi ýyl gerek boldy. Bu ýol Tibet awtonom sebitiniň günorta-gündogaryndaky Nyingçi şäher etrabynyň çäginden geçip, bu ýerde iň çuň derýa jülgesi ýerleşýär.
Täze awtoulag ýolunyň esasy desgasy bolsa, takmynan, 2,1 km uzynlygyndaky tunneldir. Bu awtoulag ýolunyň Nyingçiden Medog etrabyna barýan ýoly 346 km-den 180 km-e çenli azaldar. Bu awtoulag sürüjilerine wagtyny birnäçe sagat tygşytlamaga mümkinçilik berer. «China Huaneng Group Co., Ltd.» kompaniýasynyň taslamasy 2 milliard ýuandan gowrak (takmynan 310 million dollar) maýa goýum bilen 2014-nji ýylda işe başlady.
– Kompaniýa gurluşyk döwründe «ýaşyl» ösüşe ünsüni jemläp, suw baýlyklaryny we sebitiň daşky gurşawyny goramak üçin 110 million ýuan maýa goýdy, bu meýilleşdirilen 75,39 million ýuandan has köpdür – diýip, kompaniýanyň müdiri Du Kangsun aýtdy.