Beýik daglardaky dünýäniň ilkinji ýüzýän Gün panelleri Şweýsariýanyň Wale etrabyndaky Tul kölünde guruldy. Bu paneller pes ýerlerde gurlanlara garanyňda, 50% köp energiýa öndürýär. Bu synag taslamasy ýylda 220 öý üçin ýeterlik bolan 800 000 kilowat-sagat energiýa öndürýär. Bu ýerde deňiz derejesinden 1810 metr belentlikde dag şertleri Gün şöhlelerini has-da güýçlendirýär – diýip, «Romande Energi» taslamasynyň müdiri Maksim Ramşteýn aýtdy.
– Daglarda Gün şöhleleri has ýiti bolýar. Has pes temperatura hem bolup, bu has ýokary netijeliligi we albedo täsirini aňladýar. Gün şöhleleri gury ýerde, buzda we garda has ýiti bolýar – diýip, Ramşteýn aýdýar.
Gün panelleri tebigy kölde däl-de, suw howdanynda ýerleşýär.
– Ol her ýyl guraýar. Ýazda we tomusda garyň eremegi bilen gaýtadan dolýar. Bu ýerde ösümlik we haýwanat dünýäsi gaty az bolansoň, daşky gurşawa gaty pes täsir edýär. Ugruna bolsa, bu taslama 6000-den gowrak öýe energiýa öndürmek üçin giňeldiler – diýip, taslamanyň müdiri belleýär.
– Biz köp ýyl hyzmat etmäge mümkinçiligi bolan şeýle gurluşy işläp düzdük. Biziň meýilnamamyz ilki Tul kölünde bu taslamany giňeltmek, soňra bolsa şeýle tehnologiýany başga bir kölde ýaýbaňlandyrmak – diýip, «Romande Energi» taslamasynyň energiýa çözgütleri boýunça müdiri Giom Fuks belleýär.