Beýik Britaniýa howanyň üýtgemegine garşy göreş tagallalarynyň çäginde 2050-nji ýyla çenli uglerod zyňyndylaryny azaltmak baradaky maksadyna ýetmek üçin ýakyn üç ýylda agaç nahallarynyň sanyny üç esse ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär.
Beýik Britaniýanyň daşky gurşaw, azyk we oba hojalyk ministri Jorj Ýustis tokaýlaryň köpelmeginiň depgininiň 2024-nji ýylyň maý aýyna çenli üç esse ýokarlanjakdygyny we her ýylda 7000 gektara agaç nahallarynyň ekiljekdigini habar berdi.
– Basym agaçlaryň gerek ýerlerde ekilendigine we tokaý pudagynda has köp «ýaşyl» iş ýerleriniň döredilendigine göz ýetireris – diýip, ministr belledi.
Beýanatda meýilnamanyň jikme-jiklikleri görkezilmedi we näçe nahal oturdyljakdygy ýa-da nirelerde boljakdygy aýdylmady. Şeýle hem bu meýilnama üçin näçeräk çykdajy ediljekdigi we nähili maliýeleşdiriljekdigi görkezilmeýär. Beýik Britaniýanyň howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy göreş boýunça resmi wekili Alok Şarma howanyň üýtgemeginiň öňüni almak üçin noýabr aýynda Glazgoda geçiriljek howa sammitinde dünýä liderleriniň kömür ulanylmagyny bes etmelidigi barada ylalaşmalydygyny belledi.