Binalar gurlanda diňe ulanyş maksadyna däl-de, daşky şekiline hem üns berilýär. Käbir binalaryň daşky şekili üýtgeşik bolup, ony ilkinji gezek göreniň gözi eglenýär. Şeýle binalaryň käbiri barada gysgaça maglumaty siziň dykgatyňyza ýetirmegi makul bildik.
Fletaýron: Nýu-Ýorkuň Manhetten etrabyndaky üçburçluk görnüşli bu bina geçen asyryň başynda gurlupdyr. Daniel Bern we Frederik Dinkelberg tarapyndan dizaýn edilen «Fletaýron» polat çarçuwadan gurlan ilkinji binadyr. 22 gatly binanyň beýikligi 87 metr bolup, ýokarky gaty grek sütüni görnüşindäki üç bölümden ybaratdyr. Bina 1966-njy ýylda taryhy binalaryň sanawyna goşulýar.
Liziba bekedi: iri şäherlerde ilatyň gürlügi täsin binagärlik çözgütlerini oýlap tapmaga itergi berýär. Dünýäniň iň köp ilatly ýurdy bolan Hytaýyň daglyk sebitindäki Çunsin şäherindäki täsin bina görenleri haýrana goýýar. Şäherdäki demirýol beketleriniň biri ýaşaýyş jaýynyň içinden geçýär. Demirýol bekedi 19 gatly binanyň altynjy we sekizinji gatlarynyň arasynda ýerleşýär. 2004-nji ýylda açylan bekediň ähli tarapy sesi azaldyjy materiallar bilen örtülipdir. Şol sebäpli binanyň ýaşaýjylary öýüniň aşaky ýa-da ýokarky gatyndan günde birnäçe gezek geçip gidýän otlynyň galmagalyndan hiç hili birahat bolmaýarlar.
Atomium: 1958-nji ýylda Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçirilen «Expo 58» Bütindünýä sergisine bagyşlanyp gurlan binany belgiýaly inžener Andre Waterkeýn dizaýn edipdir. Binanyň beýikligi 102 metre deň bolup, demir sütünler bilen birleşdirilen jemi 9 «topdan» ybaratdyr. Bir topdan beýlekisine sütünler arkaly geçip bolýar. Her topuň diametri 18 metre barabar. Ýokarky bölek restoran, 3 top dürli çäreleri geçirmek, 1 top bolsa çagalar üçin niýetlenendir. Binanyň esasy uly bölegi muzeý hökmünde halk köpçüligine hyzmat edýär.
Çžuhaý opera binasy: Hytaýyň Guandun welaýatynyň Çžuhaý şäherindäki balykgulak şekilli bina 50 müň inedördül metr meýdany eýeleýär. Binada 1 550 adamlyk konsert zaly, teatr we maslahatlar zaly bar.
Pianino we wiolonçel: masştaby hakyky saz guralynyň 1:50 ölçeginde bolan bina 2007-nji ýylda Hytaýyň An-Hueý şäheriniň Huaýnan etrabynda guruldy. Häzirki wagtda aýdym-saz mekdebi bolup hyzmat edýän bu binanyň taslamasy ýurduň çäginde ýerleşýän Heýfeý tehnologiýa uniwersitetiniň talyplary tarapyndan döredilipdir. Diwarlarynyň köp bölegi berk aýnadan ýasalan binanyň içinde 2 sany konsert zaly bar. Binanyň ýokarky gatynda talyplar üçin aýdym-saz otaglary göz öňünde tutulypdyr.
«Altyn» el: Wýetnamyň gündogarynda deňiz kenaryndaky Danang şäherinde Ba Na depeleriniň arasyndaky altyn köprini daşdan gurlan iki sany äpet el saklaýar. Deňiz derejesinden takmynan 1400 metr belentlikde gurlan 150 metr uzynlygyndaky köpri 2018-nji ýylyň iýun aýynda açyldy. Bina gysga wagtda iň gelim-gidimli ýerleriň birine öwrüldi.
«The Shard»: Angliýanyň paýtagty Londonda ýerleşýän binanyň gurluşygyna 2009-njy ýylyň mart aýynda başlandy we 2012-nji ýylyň noýabr aýynda tamamlandy. Italýan binagäri Renzo Piano tarapyndan dizaýn edilen bina polatdan we aýnadan gurlupdyr. Ujy çürelip gidýän binada döwrebap ofisler, restoranlar, dükanlar we bäş ýyldyzly myhmanhana bar. 95 gatly binanyň beýikligi 309,6 metre deň bolup, onuň depesinden 60 km uzaklygy görmek bolýar.