Zähmetiň nany süýji,
ýaltanyň – jany
Durmuşy mazmunda beýan edilen bu nakylda, adama iň esasy gerek bolan zat – zähmet terbiýesi hakynda aýdylýar. Zähmet adamy taplaýan, kynçylyklary ýeňip geçmekde kömek edýän tebigy endikdir. Zähmetsiz ýetilen zadyň gadyrsyz bolşy ýaly, zähmet çekip, maňlaý deriňi döküp gün görmegiň, öz zähmetiňe görä ýaşamagyň höziri hem süýjüdir. Nakylda beýan edilen «nan» sözi gün-güzeran üçin gerek bolan maddy zatlary aňladýar. «Süýji» sözi zähmet çekip gazanylan zatlardan görülýän hözirdir. Öz zähmetiň bilen ýygnalan islendik zat gözüňe yssy görünýär, ony aýap saklaýarsyň, haýyrly günlerde ulanýarsyň. Nakylyň birinji bölegine ugurdaş nakyllara göz aýlalyň:
Zähmet soňy – rehnet
Çekseň zähmet, ýagar rehnet
Nakylyň ikinji böleginde «ýalta» sözi getirilýär. Türkmen diliniň sözlüginde: «Ýalta – zähmet çekmegi halamaýan, temmel, iş ýakmaz» diýlip düşündiriş berilýär. Ýalta ownuk-uşak zatlara güýmenip, gününi bikärçilikde geçirýär. Zähmet çekmegi, özüne döz gelip işlemegi halamaýar. Bu ýerde «jan» sözi göni manyda bolman, ýaltanyň zähmetden gaçyp, özi üçin gözleýän oňaýly şertleridir (meselem, ýatyp dynç almak, kölegeli salkyn howa, taýýar nahar we ş.m.). Ýagny, jepasyz durmuşdyr. Şu ýerde birnäçe nakyllara ünsi çekeliň:
Ýaz kölege hoş, gyş çuwal boş
Tomus depesi gaýnamadygyň,
gyş gazany gaýnamaz
Iş aşa çeker, ýaltalyk – başa
Nakyly jemlänimizde, zähmet çekmek adam saglygy üçinem, maddy ýagdaýy üçin hem örän peýdaly endikdir. Zähmet çekilip gazanylan zadyň gadyry hem başgaça bolýar. Ýaltalyk durmuşda halanmaýan endik bolup, onuň soňy hassalyk we ýoksullykdyr.