Ýewropa futbolynda häzirki wagtda milli çempionatlaryň tamamlanmagyndan soň hem-de Ýewropa çempionatynyň başlamagynyň öňüsyrasynda tälimçi alyş-çalşygy ýokary depginde dowam edýär. Yklymyň uly klublaryndan wezipesini taşlan tälimçileriň sany yzygiderli artýar. Häzirki wagtda PSŽ toparyna tälim berýän argentinaly Maurisio Poçettinonyň üsti gyzyl el. PSŽ-niň goýbermek islemeýän tälimçisini onuň ozalky kluby “Tottenham” bilen “Real Madrid” toparlary-da transfer etmek isleýär. “Goal”-uň habar bermegine görä, “Tottenham” ozalky tälimçisi bile içgin gyzyklanýar we Poçettinonyň hem bu Angliýa dolanmak meýli ýok däl. Beýleki bir tarapdanam Zidanyň wezipesini taşlamagyndan soň, tälimçi gözlegine çykan “Real Madridiň” klubunyň başlygy Florentina Pereziň hem ilkinji nobatda topary ynanyp biljek tälimçisiniň Poçettino boljakdygy habarda bellenilýär. Şol bir tarapdan hem “Ligue 1”-de çempionlygy “Lill” toparyna aldyran hem bolsa, PSŽ-niň ýolbaşçylary Poçettinonyň toparda galmagyny isleýärler.