Geçen möwsümiň ahyrynda Andrea Pirlonyň uly arzuwlar bilen tälimçilige bellän “Ýuwentus” topary ýaş hünärmeni wezipesinden boşatdy. 9 ýyllyk ýeňişden soň çempionlygy “Intere” aldyran “Ýuwentus” möwsümiň soňky tapgyrda 4-nji orunda tamamlap, Çempionlar ligasynda çykyş etmäge hukuk gazanypdy. Şunlukda, az salym öň topar resmi ýagdaýda Pirlonyň bary-ýogy bir möwsümden soň, wezipeden boşadylandygy habar berildi. Ýogsam, toparyň ýolbaşçylary Pirlony uzak möhletleýin, gelejekde has-da uly ýeňişler gazanmak maksady bilen wezipä belläpdiler. 42 ýaşyndaky tälimçi “Ýuwentus” bilen 52 resmi oýnuň 34-sinde ýeňiş gazanyp, 8-sinde ýeňildi (10 deňlik). Topar onuň tälimçiliginde Italiýanyň Kubogyna hem-de Super Kubogyna mynasyp boldy.

“Ýuwentus” toparynyň Pirlonyň ornuna ozalky tälimçisi Massimilano Allegrini 2 ýyllyk arakesmeden soň täzeden tälimçilige bellär. Habaryň gysga wagta resmi ýagdaýda jar edilmegine garaşylýar. Allegri 2014-2019-njy ýyllar aralygynda “Ýuwentusa” 5 “Serie A” çempionlygyny, 4 Italiýanyň Kubogyny gazandyrypdy. Topar onuň ýolbaşçylygynda 2 gezek hem Çempionlar ligasynyň finalyna çykypdy.