Ysraýylyň parlamenti möhleti 9-njy iýulda tamamlanýan Prezident Reuewn Riwliniň ýerine Zähmet partiýasynyň öňki lideri Isaak Gerzogy bu wezipä belledi. Mejlisiň başlygynyň ýazmaça beýanynda Prezidentiň saýlanmagynyň parlamentde geçirilen gizlin ses beriş usuly bilen geçirilýändigi bellenilýär. Gerzog Marokkada dünýä inen Miriam Peres bilen bäsleşdi. Ysraýylyň parlamentiniň halk tarapyndan saýlanýan 120 deputaty bolup, Prezident parlament tarapyndan saýlanýar.
Ýurduň Prezidentiniň ygtyýarlyklary daşary ýurduň ilçilerinden ynanç hatyny kabul etmek we hökümeti gurmak üçin wekil bellemekden ybarat.