Angliýanyň paýtagty Londonda iki binanyň arasynda ähli tarapy aýnadan ýasalan ýüzülýän howuz guruldy. “Asmandaky” howuzda suwa düşmek isleýänleriň sany bolsa gaty köp. Şäheriň günortasyndaky “Nine Elms” etrapçasyndaky “Embassy Garden” ýaşaýyş jaýlarynyň 10-njy gatlarynyň arasyndaky howuz ýerden 35 metr belentlikde ýerleşýär. Uzynlygy 25 metre, ini 5 metre we çuňlugy 3 metre barabar bolan howzuň göwrümi 400 tonna barabar. Bu ýerde ýüzmek bolsa batyrgaýlyk talap edýär. Howuzda ýüzmek üçin diňe “Embassy Garden”-da ýaşaýan ýa-da şol jaýlarda ýaşaýan biriniňkä myhmançylyga baran bolmaly. Bu ýerden “London Eye”, Parlament binasy we Temza derýasy görünýär. Howzuň aşak tarapy galyňlygy 12 dýuým bolan aňyrsy görünýän aýnadan ýasalypdyr. Aşa güýçli ýel bolanynda, howzuň hallaň atmagy üçin ýörite tehnologiýa ulanylypdyr.