“Perseverance” robotynyň  Marsa gonanyna 100 gün boldy. Gyzyl planetany öwrenmek maksady bilen iberilen enjam bilen bilelikde bir sany kiçijik dikuçar hem uçurylypdy. Häzire çenli bu iki enjam birnäçe surat iberdi. Bu taslamanyň 2030-njy ýyla çenli dowam etmegine garaşylýar. “Perseverance”  we onuň ýany bilen iberilen “Ingenuity” atly dikuçar 18-nji fewralda Marsa gondy.

“Perseverance” bu planetada mikrobiologik ýaşaýşyň alamatlaryny gözlemek maksady bilen peýdalanylýar.

“Perseverance” 6-njy aprelde ilkinji selfisini surata düşürdi. Ýokarda görýän suratyňyz aslynda 62 kadrdan ybarat bolup, Ýere iberilenden soňra birleşdirildi.

“Perseverance” dikuçary emaý bilen ýere düşürdi.

Agramy 1,8 kilogram bolan dikuçar özi üçin gerekli zarýady ganatlaryndaky Gün panellerinden alýar.

Uçuşy iki gezek yza süýşürilen “Ingenuity” 19-njy aprelde ýeterlik derejede zarýad alandan soňra uçuryldy. Şeýlelikde, kiçijik dikuçar başga planetada uçurylan ilkinji enjam boldy. Synag uçuşynda “Ingenuity” üç metr ýokary galdy.

Ikinji uçuşyny amala aşyranda guşuçar belentlikden Marsy surata düşürdi.

Üçünji uçuşda özüne bu planeta getiren “Perseverance”-y surata düşürdi.

Ýokardaky surat “Perseverance”-dan 85 metre uzakdan düşürildi.

7-nji maý güni “Ingenuity” ýerden 10 metre ýokary galdy. Soňra bolsa, 129 metre aralygy geçenden soňra gondy.

Marsa gonandan 40 günden soňra “Perseverance” ilkinji gezek ýerinden gozgandy. Agramy bir tonna barabar bolan alty tigirli enjam dürli gurallar bilen üpjün edilen.

“Perseverance”-da toprakdan nusgalyk almak üçin peýdalanylýan lazer. Robotda birnäçe kamera bilen enjamlaşdyrylyp, adamyň gözüne meňzeş edilip ýasalan iki sany kamera bar.

Bu suratda 2,5 kilometre uzakdaky Santa Kruz depesini görünýär. Suratda görünýän ähli ýer “Perseverance”-iň işlemeli ýerini öz içine alýar.