“Interiň” täze tälimçisi belli boldy

113

Italiýanyň çempiony “Inter” toparynyň täze tälimçisi belli boldy. Italýan kluby Simona Inzaginiň toparyň  täze tälimçisi wezipesine bellenendigini resmi ýagdaýda habar berdi. Milan şäheriniň wekili 45 ýaşyndaky tälimçi bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşdy. 1994-2010-nji ýyllar aralygynda Italiýanyň dürli klublarynda, esasan hem “Lasioda” (1999-2010) futbol oýnan Simona Inzagi “Lasio” toparyna 2016-njy ýyldan bäri tälimçilik edip gelýärdi. “Lasio” topary onuň tälimçiliginde Italiýanyň Kubogyna (2019) hem-de Italiýanyň Super Kubogyna (2017, 2019) mynasyp bolupdy. Mälim bolşy ýaly, geçen hepdäniň başynda Antonio Konte maliýe meseleleri boýunça düşünişmezlik sebäpli Interdäki wezipesini taşlapdy. Ol “Intere” 11 ýyldan soň 19-njy çempionlygyny gazandyrypdy.