Ýurdumyzyň ähli künjeklerinden gelen mekdep okuwçylary paýtagtymyzdaky Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdança ýygnandylar. Olar şu ýerden tomusky dynç alyş möwsüminde ajaýyp Gökdere jülgesinde ýerleşýän dynç alyş-sagaldyş merkezlerine ugradylar. Şu waka mynasybetli bu ýerde dabaraly çäre guraldy. Ýaş nesliň wekilleri çagalar döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazlar hem-de tanslar bilen ugradyldy.
Owadan bezelen awtobuslaryň kerweni bellenilen ýere – ajaýyp dynç alyş öýlerine tarap ýola düşdi. Şol ýerde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan gelen çagalara mähirli kabul edişlik, baýramçylyk naz-nygmatlary hem-de dynç alyş çäreleri garaşýar.
Gökderäniň saýaly we pürli agaçlarynyň tokaýlygynda, dag çeşmesiniň kenarynda ýerleşýän döwrebap çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleri mekdep okuwçylary üçin gapylaryny giňden açdy. Bu ýerde bagtyýar çagalaryň sazlaşykly ösmegi, wagtlaryny şadyýan hem-de şowhunly geçirmegi üçin ähli şertler döredildi.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça çagalaryň tomusky dynç alşyny guramaga ýurdumyzyň ministrlikleriniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleri taýýarlyk gördüler.
Dynç alyş merkezlerinde dürli ýaşdaky çagalar üçin medeni-dynç alyş, döredijilik çäreleri hem-de sport ýaryşlary guralar. Mundan başga-da, okuwçylar ýokary hünärli mugallymlaryň ýolbaşçylygynda gurnaklara gatnaşarlar, kompýuter programmalaryny öwrenerler hem-de daşary ýurt dillerini özleşdirerler, muzeýlere we teatrlara baryp görerler, sahna çykyşlaryny goýarlar, çeper okaýyşlary geçirerler.