Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sport bi­len meş­gul­lan­ma­gyň äh­mi­ýe­ti­ ba­ra­da: – Sport gu­jur-gaý­ra­tyň, gö­zel­li­giň hem-de sag­dyn­ly­gyň göz­ba­şy­dyr, yn­sa­ny be­lent sep­git­le­re ruh­lan­dyr­ýan eg­sil­mez güýç­dür – di­ýip bel­le­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň ynam­ly ta­rap­da­ry hök­mün­de bag­ty­ýar ýaş­la­ry­myz üçin be­lent nus­ga bol­ýar. Ýur­du­my­zyň äh­li kün­je­gin­de dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän, ýo­ka­ry de­re­je­de en­jam­laş­dy­ry­lan sport des­ga­la­ry yzy­gi­der­li gur­lup, ulanma­ga be­ril­ýär.

Şeý­le des­ga­la­ryň bi­na edil­me­gi ne­ti­je­sin­de il­deş­le­ri­mi­ziň ara­syn­da sport bi­len meş­gul­lan­ýan­la­ryň sa­ny gün­sa­ýyn art­ýar. Bu gün ýur­du­myz­da we­lo­si­ped spor­tu­nyň meş­hur­ly­gy has hem ýo­kar­lan­ýar. Mu­nuň esa­sy se­bäp­le­ri­niň bi­ri-de, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň özü­niň we­lo­si­ped spor­ty bi­len ýa­kyn­dan meş­gul­lan­ma­gy­dyr we spor­tuň bu gör­nü­şi­ni wa­gyz et­mek­de nus­ga­lyk gö­rel­de gör­kez­me­gi­dir.
Düýn Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni my­na­sy­bet­li ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da we Aş­ga­bat şä­he­rin­de köp­çü­lik­le­ýin sport çä­re­le­ri, we­los­port bo­ýun­ça sport ýa­ryş­la­ry, köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­riş­ler uly ru­hu­be­lent­lik bi­len ge­çi­ril­di, spor­tuň bu gör­nü­şi­niň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da mas­la­hat­lar gu­ral­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni my­na­sy­bet­li halkymyza ibe­ren Gut­la­gyn­da – Ber­ka­rar döw­le­ti­miz­de köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni, olim­pi­ýa he­re­ke­ti­ni, spor­ty ös­dür­mä­ge hem aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýä­ris. Bu ugur­da mil­li mak­sat­na­ma­la­ry, top­lum­la­ýyn öz­gert­me­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­ýä­ris. Gys­ga döw­rüň için­de eziz Di­ýa­ry­myz­da dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän iri sport hem-de at­çy­lyk-sport top­lum­la­ry, sta­di­on­lar, sport mek­dep­le­ri, Olim­pi­ýa şä­her­çe­si gur­lup, döw­re­bap sport dü­züm­le­ri dö­re­dil­di. Şo­nuň bi­len bir­lik­de, öň­de­ba­ry­jy, in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar or­naş­dy­ry­lan sag­ly­gy go­ra­ýyş mer­kez­le­ri­ni, ýö­ri­te­leş­di­ri­len has­sa­ha­na­la­ry, şy­pa­ha­na­la­ry gur­mak, dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny dö­ret­mek ar­ka­ly bu ugur­da hem uly ösüş­le­ri ga­zan­dyk – di­ýip bel­le­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len, BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň ýö­ri­te Ka­rar­na­ma­sy esa­syn­da 3-nji iýu­nyň Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni diý­lip yg­lan edil­me­gi, şeý­le-de paý­tag­ty­my­zyň gö­zel ýer­le­ri­niň bi­rin­de «We­lo­si­ped» bi­na­sy­nyň gu­rul­ma­gy hem we­lo­si­ped spor­tu­na örän uly äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. Şo­nuň bi­len bag­la­ny­şyk­ly, in­di bir­nä­çe ýyl­dan bä­ri Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni gü­neş­li Di­ýa­ry­myz­da giň­den bel­le­nil­ýär we şol gün köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­riş­ler­dir ge­ze­lenç­ler gu­ral­ýar.
«Türk­me­nis­tan – pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» şy­ga­ry as­tyn­da geç­ýän şan­ly ýy­lyň hä­zir­ki gün­le­rin­de We­lot­rek bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­na ýo­ka­ry de­re­je­de taý­ýar­lyk gö­rül­ýär. Dün­ýä­niň bu iri sport ýa­ry­şy­nyň paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ril­me­gi hem Aş­ga­ba­dyň, ga­ly­ber­se-de ýur­du­my­zyň sport ab­ra­ýy­ny ýe­ne-de bir ge­zek be­len­de gal­dyr­ýar.
We­lo­si­ped spor­ty bi­len bag­ly paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ri­len köp­çü­lik­le­ýin çä­re­le­riň iki­si­ni ýat­la­mak has ýa­kym­ly­dyr. 2018-nji ýy­lyň iýun aýyn­da 3 müň 246 ada­myň gat­naş­ma­gyn­da «Aş­ga­bat» kö­pu­gur­ly sta­dio­nyn­da­ky we­lo­si­ped spor­ty bo­ýun­ça tür­gen­le­şik sa­pa­gy dün­ýä­de we­lo­si­ped spor­ty bo­ýun­ça iň köp­çü­lik­le­ýin tä­lim be­riş sa­pa­gy hök­mün­de, 2019-njy ýy­lyň iýun aýyn­da Aş­ga­ba­dyň Olim­pi­ýa şä­her­çe­sin­de 3300 metr ara­ly­ga ge­çi­ri­len we­lo­si­ped­li ýö­riş bol­sa iň do­wam­ly, bir ny­zam­ly ýö­riş hök­mün­de Gin­ne­siň Bü­tin­dün­ýä re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­di.
Döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan dö­re­dil­ýän amat­ly şert­le­riň ne­ti­je­sin­de sport bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­ýan ýaş­la­ryň sa­ny bar­ha art­ýar. Mu­nuň özi hal­ky­my­zyň sag­ly­gy­ny äh­li zat­dan ile­ri tut­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ama­la aşyr­ýan tu­tum­ly iş­le­ri­niň uly ro­waç­lyk­la­ra bes­len­ýän­di­gi­niň su­but­na­ma­sy­dyr.

Suw­han­na­zar GO­ŞA­ÝEW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky
Türk­men oba ho­ja­lyk
uni­wer­si­te­ti­niň
mu­gal­ly­my.