Her ýylyň iýun aýynyň 5-ine Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni biziň ýurdumyzda hem dabaraly ýagdaýda bellenilip, ýurdumyzyň ähli ýerinde maslahatlar, wagyz-nesihat duşuşyklary, dürli medeni çäreler geçirilýär. Bagtyýar raýatlarymyz geçirilýän dabaralara uly ruhubelentlik bilen gatnaşyp, daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işlere özleriniň mynasyp goşandyny goşýarlar. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň toýlanýan ýylynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni aýratyn many-mazmuna eýe bolýar.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz daşky gurşawy goramak babatda umumadamzat bähbitli içeri we daşary syýasaty alyp barýar. Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşawy goramak boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulmak bilen, ýurdumyz durnukly ösüş babatda dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde goýlan meseleleri çözmäge düýpli çemeleşýär.
Ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny goramak, ýer-suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ekologiýa syýasatynyň alnyp barylmagynyň esasy maksady halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmakdan, aýawly saklamakdan ybaratdyr. Çünki ynsanyň durmuşy tebigat bilen berk baglanyşykly. Tebigat biziň dem alýan howamyz, içýän suwumyz, hasyl alýan topragymyz bolup, saglygymyzyň we maddy durmuşymyzyň esasy çeşmesidir. Şonuň üçin biziň her birimiziň daşky gurşawa aýawly çemeleşmegimiz, tebigatymyzyň gözelligini goramagymyz zerur bolup durýar. Häzirki wagtda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, Milli tokaý maksatnamasynda öňde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen her ýylyň bahar we güýz aýlarynda köpçülikleýin bag ekmek çäresiniň geçirilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şu ýyl eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tutuş ýurdumyzda 30 million düýp agaç nahallarynyň ekilmegi bu şanly sene bilen berk baglanyşyklydyr. Ýylyň-ýylyna dürli görnüşli nahallaryň köp mukdarda ekilmegi gözel tebigatymyzyň barha gözelleşmegine, ýaşyl zolaklaryň döredilmegine uly mümkinçilik berýär. Munuň ekologiýa abadançylygynyň barha gowulanmagynda ähmiýeti uludyr. Çünki gür tokaýlyklar kömürturşy gazyny özüne siňdirip, köp mukdarda kislorody bölüp çykarýar. Bu bolsa howamyzyň arassalygyna, adamlaryň saglygyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär.
Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin alada edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli durmuşa geçirýän işleri hemişe rowaç alsyn!
Gülhumar HOJAHMETOWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň
Köneürgenç etrap komitetiniň hünärmeni.