Gymmatly we baý hazynamyz hasaplanýan tebigatymyzyň ösümlikleri, tokaý zolaklary, seýilgähleri öz ýaşyl reňkini saçyp gözümizi dokundyrýar. Watanymyzyň bagy-bossanlyga bürelmeginiň ýaş nesillerimiziň berk bedenli, ildeşlerimiziň sagdyn bolmagy üçin uly ähmiýeti bardyr. Tokaýlar kömürturşy gazlary özüne çekip, janly-jandarlar üçin ähmiýetli bolan kislorody bölüp çykarýar, howany arassalaýar. Ajaýyp, gözel we baý tebigatymyzy aýamak, ony ýangyn howpundan goramak ählimiziň raýatlyk borjumyzdyr. Gözel tebigatymyzda ýangyn howpunyň öňüni almak maksady bilen ministrliklerdir, pudak edaralaryna degişli bolan tokaý-seýilgäh zolaklarynda ýangyn howply möwsüm başlanmazdan öň, ýangyna garşy ähli möhüm çäreler ýerine ýetirilýär.
Tokaý zolaklarynda zähmet çekýän ildeşlerimiziň arasynda jogapkär ýolbaşçylar tarapyndan ýangyna garşy wagyz-nesihat, gözükdiriş işleri geçirilmelidir, tokaý zolagynyň çäklerinde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini beýan ediji diwarlyklar, ilkinji ýangyn söndüriş enjamlary bilen doly üpjün edilen ýangyn germewleri oturdylmalydyr. Ösüp oturan baglaryň arasyndaky guran hapa-haşal otlar arassalanyp, ýangyn howpsuzlyk zolagy döredilmelidir. Tokaý zolaklarynda işleýän tehnikalaryň tüsse çykarlary uçgun söndüriş enjamy bilen berk ýapylyp, tehniki ýagdaýy elmydama gurat bolup, sürüjiler tarapyndan ýangyç we ýag geçiriji ulgamlary abat ýagdaýda saklanmalydyr, ýagyň we ýangyjyň syzmasyna ýol berilmeli däldir.
Tokaý zolaklarynda işleýän tehnikalar ilkinji ýangyn söndüriş enjamlary bolan keçe, pil, palta, çäge we beýleki ýangyn söndüriş enjamlary bilen üpjün edilip, başga maksatlar üçin ulanmazdan abat ýagdaýda saklanmalydyr. Tokaý zolaklarynda aýna, çüýşe gaplaryny galdyrmak hem howply bolup, Günüň şöhlesiniň ugruny üýtgedip geçmegi netijesinde ýangyn döräp biljekdigini unutmaly däldiris. Şeýle-de, tebigatda çalgy ýaglaryny, ýeňil ýanyjy suwuklyklar siňen esgileri taşlap gitmegiň, guran hapa-haşal otlary ýakmagyň, doly söndürilmedik otluçöp galyndysyny zyňmagyň örän howpludygy ýatdan çykarylmaly däldir.
Ildeşlerimiziň köpüsi, köplenç, maşgala bolup tokaý-seýilgäh zolaklaryna gezelençleri guraýarlar. Tokaý zolaklaryna dynç alyşa, gezelenje gelen ildeşlerimiziň ýangyn howpsuzlygyň düzgünlerini berjaý etmekligi, ilkinji nobatda, özlerine bagly bolup durýar. Bu babatda her bir raýatyň jogapkärçilikli bolmagy kanuny borjudyr. Tokaý seýilgäh zolaklarynyň çäklerinde, şäheriň dynç alyş merkezlerine barlanda ot ýakmak örän howpludyr. Otluçöp galyndysyny hereket edip barýan ulagdan daşaryk zyňmak hem uly ýangynyň döremegine getirmegi mümkin. Ol diňe ösümlik dünýäsine däl, eýsem, herekete gatnaşýan beýleki awtoulaglara, oba hojalyk tehnikalaryna ýangyn howpuny salmagy mümkin.
Mähriban ildeşler, tokaý zolaklarynda, seýilgählerde duýdansyz ýangyny, ýangynyň alamatlary bolan ýanygyň ysyny, gyzgyn ýalynly howany duýan wagtyňyz, tüssäni gören halatyňyz haýal etmän 01 telefon belgi (öýjükli el telefonyndan 001) arkaly Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugyna habar berip, öz salgyňyzy, ýangynyň dörän ýerini, familiýaňyzy, telefon belgiňizi aýdyp, Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleri gelýänçä halas ediş çärelerini gurap, mümkin boldugyça bar bolan ilkinji ýangyn söndüriş enjamy, suw, toprak, çäge we şoňa meňzeşler bilen dörän ýangyny öçürmäge synanyşmaly. Eger-de ýangyn güýjän halatynda derrew ýangynyň dörän ýerinden gidip, Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleriniň öňünden çykyp, ýangynyň dörän ýerini görkezmeli.
Mähriban ildeşler! Watanymyzyň ajaýyp, gözel we baý tebigatyny, tokaýçylyk seýilgäh zolaklaryny ýangyn howpundan gorap saklalyň!
Ýazmuhammet Akmedow,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň
ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň 6-njy bölüminiň müdiri.