Fransiýanyň «Renault» kompaniýasy elektroulag bazaryndaky bäsdeşligini ýokarlandyrmak maksady bilen täze önümçilik desgasyny gurmagy meýilleşdirýär. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Luka de Meo täze önümçilik desgasynda her ýylda 400 müň ulag öndüriljekdigini belledi. Bu zawodyň ýurduň demirgazygynda gurulmagy maksat edinilýär. Elektrik energiýasy bilen işleýän ilkinji ulagyny 2011-nji ýylda köpçülige hödürlän fransuz brendi häzirki wagtda «Renault Fluence Z.E», «Renault Kangoo Z.E», «Renault Twizy» we «Renault Zoe» ýaly modelleri öndürýär. Kompaniýa Ýewropanyň elektroulag öndürmekde öňdebaryjy kompaniýasy hasaplanýar. Kompaniýa «Alpine», «Dacia», «AvtoVAZ», «Nissan», «Daimler AG» ýaly dünýäniň dürli ýurtlarynyň awtoulag kompaniýalary bilen ýakyn hyzmatdaşlyk saklaýar.
Dünýä Allaberdiýewa,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.