Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe körpe nesillerimiziň erkana okamagy, göwün islegine laýyk dynç almagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda halkara ülňülerine gabat gelýän, döwrebap enjamlaşdyrylan umumybilim berýän mekdeplerdir çagalar baglarynyň ençemesi gurlup ulanylmaga berildi. Ýaş nesliň saglygyny berkitmek maksady bilen birnäçe sport mekdepleridir merkezleri hem guruldy. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda we Gökdere jülgesindäki çagalar sagaldyş dynç alyş merkezlerinde çagalaryň dynç almaklary üçin döredilen mümkinçilikler ýurdumyzyň olaryň ähli isleg-arzuwlarynyň hasyl bolan mekanyna öwrülendigini alamatlandyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, çagalaryna aýratyn söýgi, aýratyn alada bilen garamak, olara özüniň iň gowy zatlaryny bagyş etmek türkmenleriň gadymdan gelýän däpleriniň biridir. Şonuň üçin ýurdumyzda her ýylyň 1-nji iýunynda – Çagalary goramagyň halkara güni döwlet derejesinde bellenilip geçilýär.
Hormatly Prezidentimiz çagalaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, durmuş taýdan goraglylygy, ruhy hem beden taýdan sagdyn ösüşi, döwrebap bilim almagy, watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelenmegi ugrunda uly aladalar edýär.
Munuň şeýledigine 2021-nji ýylyň 29-njy martynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz ejizi goldamak, mätäje hemaýat etmek ýaly pederlerimiziň iň naýbaşy adamkärçilik pentleriniň we däpleriniň dowamyna eýerip, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretmek hakynda Karara gol çekmegi hem uly subutnamadyr. Bu gazna hormatly Prezidentimiziň adynyň dakylmagy halkymyzyň buýsanjyny belende göterdi.
Çagalaryň döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmakda, sport bilen meşgullanmaklaryny gazanmakda, şeýle hem sungatyň dürli görnüşlerini öwrenmekde ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan uly aladalar edilýär. Şolaryň netijesinde Diýarymyzyň ähli künjeklerinde çagalar üçin niýetlenilen sport we sungat mekdepleri hereket edýär. Olar bu mekdeplerde ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmäge mümkinçilik gazanýarlar. Häzirki wagtda aýratyn üns berilýän daşary ýurt dillerini öwrenmekde çagalar üçin orta mekdeplerden başlap mümkinçilik döredildi. Daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdepleriň sanynyň günsaýyn artýandygyny bellemek guwandyryjydyr.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, gözlerimiziň guwanjy, göwünlerimiziň buýsanjy bolan bagtyýar çagalar berkarar Watanymyzyň dünýädäki abraýyny, mertebesini, şan-şöhratyny has-da beýgeltjek nesillerimizdir. Çagalar her bir öýüň şatlygydyr, begenjidir, geljekde Watanymyzyň ösüşi ugrunda öz mynasyp goşandyny goşjak bagtyýar nesillerdir. Çagalar barada edilýän aladalary milli Liderimiziň her bir edýän döwlet işlerinde görmek bolýar.
Diýarymyzyň çagalaryň isleg-arzuwlarynyň hasyl bolýan bagtyýar ýurdy hökmünde atlandyrylmagy, ýaş nesillerimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegine gönükdirilip, amala aşyrylýan giň göwrümli çäreler biziň ýurdumyzda diňe bir Çagalary goramagyň halkara gününde däl-de, hemişelik esasda durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr.
Merjen AŞYRMYRADOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.