BMG-niň Baş sek­re­ta­ry An­to­nio Gu­ter­reş dün­ýä ýurt­la­ry­ny kö­mür se­na­ga­ty­na ma­ýa goý­ma­gy bes et­mä­ge ça­gyr­dy. Pe­kin­de ge­çi­ri­len Hal­ka­ra ma­li­ýe fo­ru­myn­da eden çy­ky­şyn­da Gu­ter­reş Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň da­şa­ry ýurt­lar­da kö­mür ga­zyp al­ýan kär­ha­na­la­ry­ny ma­li­ýe­leş­dir­mek­den ýüz öw­ren tej­ri­be­si­ne ün­si çek­di. BMG-niň Baş sek­re­ta­ry beý­le­ki G7 ýurt­la­ry­nyň hem mu­ňa eýer­jek­di­gi­ne we gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­ne ma­ýa go­ýum­la­ry­ny art­dyr­jak­dy­gy­na umyt bil­dir­di.
Kö­mrüň ener­gi­ýa üçin ula­nyl­ma­gy­nyň bes edil­me­gi, Pa­riž ho­wa şert­na­ma­sy­na 2015-nji ýyl­da dün­ýä ýurt­la­ry­nyň li­der­le­ri ta­ra­pyn­dan gol çe­ki­len bö­lüm­le­ri­niň bi­ri­dir. G7 ýurt­la­ry­nyň eko­lo­gi­ýa, ho­wa we daş­ky gur­şaw mi­nistr­le­ri­niň ýa­kyn­da ge­çi­ren mas­la­ha­tyn­da kö­mür­den düý­bün­den ýüz öwür­mä­ge taý­ýar­dyk­la­ry mä­lim edi­lip, bu tas­la­ma­ döw­let ma­ýa go­ýum­la­ry­ny çäk­len­dir­me­li di­ýen ne­ti­jä gel­di­ler.
Bi­ler­men­le­riň aýt­ma­gy­na gö­rä, elekt­roe­ner­ge­ti­ka pu­da­gyn­da kö­mür­den tap­gyr­la­ýyn ýüz öwür­mek, gyz­gyn­lyk de­re­je­si­ni 1,5 de­re­je­den ýo­ka­ry ge­çir­mez­lik üçin mö­hüm ädim­dir. 2030-njy ýy­la çen­li elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň önüm­çi­li­gin­de kö­m­rüň ula­ny­ly­şy­ny 2010-njy ýyl­da­ky­dan 80% azalt­mak mak­sat edi­nil­ýär.