Gök kit­ler ga­ty ýü­züp bat alan­dan soň­ra 3 sa­gat­lap gy­myl­da­man ýü­züp bil­ýärler.
Pe­ri­met­ri deň bo­lan şe­kil­le­riň ara­syn­da te­ge­le­giň meý­da­ny has uly bol­ýar.
Ba­lyk­gu­lak­lar (suw ökü­zi) 3-4 ýyl­lap uk­lap bil­ýär­ler.
Pol­ýar aýy­la­ry äpet göw­re­si­ne ga­ra­maz­dan, sa­gat­da 40 ki­lo­metr tiz­lik bi­len yl­gap, 1,8 metr be­ýik­li­ge bö­küp bil­ýär­ler.
Iň uly ki­tap Ber­lin ki­tap­ha­na­syn­da sak­lan­ýar. XVII asyr­da çap edi­len ge­og­ra­fi­ýa at­la­sy­nyň bo­ýy 2 met­re, ini 1 met­re deň.
Mer­ku­riý pla­ne­ta­syn­da ho­wa­ gün­di­zi­ne 430 de­re­je ys­sy, gi­je­si­ne 180 de­re­je so­wuk bol­ýar.
Ho­wa­nyň ys­sy gün­le­rin­de dub we buk agaç­la­ry her gün­de 100 lit­re ba­ra­bar su­wy bu­gard­ýar.
Ke­be­lek­ler yz­ky aýak­la­ry bi­len ys al­ýarlar.
Bel­li şert­ler­de äh­li ses­ler ýaň­lan­ýan hem bol­sa, ör­de­giň se­si ýaň­lan­ma­ýar. Mu­nuň se­bä­bi en­tek yl­my taý­dan anyk­lan­ma­dy.
Çyr­ma­şyp ös­ýän ösüm­lik­le­riň kä­bi­ri­niň bo­ýy gün­de bir metr ös­ýär.
Açyk ho­wa­ly gi­je­ler­de müň tö­we­re­gi ýyl­dy­zy gö­rüp bol­ýar.
Dub aga­jy 50 ýyl­dan soň­ra go­za­lap baş­la­ýar.
Iň ki­çi guş bo­lan ko­lib­ri­le­riň ýu­murt­ga­sy­nyň ulu­ly­gy bug­da­ýyň dä­ne­si ýa­ly­rak, ag­ra­my ýa­rym gram­dan az bol­ýar.
Çig ýu­murt­ga­ny te­kiz ýer­de go­ýup pyr­lap, bir­den du­ru­zyp, eli­ňi­zi goý­be­rseňiz, ýu­murt­ga gaý­ta­dan pyr­la­nyp baş­lar. Se­bä­bi, pyr­la­nyp du­ran ýu­murt­ga­ny du­ru­za­ny­ňyz­da, onuň içi aý­lan­ma­gy­ny do­wam et­dir­ýär. Şol se­bäp­li eli­ňi­zi goý­ber­se­ňiz hem için­dä­ki he­re­ket ýu­murt­ga­ny tu­tuş­ly­gy­na aý­la­ýar. Gaý­na­dy­lan ýu­murt­ga bol­sa bir ge­zek du­ru­zy­lan­dan soň­ra aý­lan­ma­ýar.
Dün­ýä­niň iň uly gü­li In­do­ne­zi­ýa­da­ky to­kaý­lar­da ös­ýär. Bu gü­lüň dia­met­ri 1 metr­den geç­ýär.