Türkmenistandaky
iň iri gurluşyk we hojalyk
harytlarynyň söwda
merkezler toplumy
575555 / 575757 / 575553

ABŞ-nyň Aerokosmos edarasy (NASA) “SpaceX” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda Halkara kosmos bekedine ýük gämisini uçurdy. Ýükleriň arasynda deňziň garaňky ýerlerinde ýaşaýan 128 sany karakatisa (jortmak), ýuwaş hereket edýän müňlerçe mikroskobik jandar (tardigrad), Gün paneli, awokado, sogan we limon ýaly dürli görnüşli zatlar bar. Immunitetiniň adamyňka meňzeş bolansoň, kosmos bekedindäki hünärmenler karakatisalar arkaly grawitasiýasyz giňişlikde bolmagyň adama ýetirýän täsirini öwrenmäge synanyşarlar. Şeýle hem burç, gowaça şitili äkidildi. Tardigradlar Ýer ýüzündäki ýaşaýyş üçin iň amatsyz şertlerde hem ýaşap bilýärler. Hatta bu organizmler kosmos giňişliginde bilen ýaşaýar. Bu jandarlar kosmosa iberilmezden ozal doňduryldy. Kosmos gämisinde doňy çözüler.

Gün panelleri bolsa, kosmos gämisiniň könelen elektrik ulgamyny täzelemek üçin peýdalanylar. Beketdäki Gün panelleri 20 ýyldan bäri işleýär. olaryň gapdalyna iki sany açylyp-ýapylýan panel oturdylar. Şu aýyň ahyryna şol panelleri berkitmek üçin astronawtlar gäminiň daşyna çykarlar.

Agramy üç tonna  üç ýük kilogramlyk ýük “Falcon 9” raketasy bilen uçuryldy. Häzirki wagtda halkara kosmos bekedinde 7 hünärmen bar. Bu hünärmenler üçin başga-da täze miwe we gök önümler äkidildi. NASA-nyň komos bekedi programmasynyň dolandyryjysy Joel Montalban soňky ýyllarda bekediň myhmanlarynyň sanynyň artýandygyny göz öňünde tutup, has köp energiýa zerurlyk duýulýandygyny belledi. Ýakyn geljekde kosmos bekedinde ABŞ hem-de Russiýa film surata düşürmegi meýilleşdirýär.