Pandemiýa sebäpli bir ýyl soňa süýşürilen Kopa Amerika futbol çempionaty juda agyr düşene meňzeýär. Çempionaty aslynda Argentina bilen Kolumbiýa bilelikde guramalydy. Ýöne Kolumbiýada ýüze çykan syýasy wakalar, Argentinada kowid 19-yň ýaýrawynyň uly bolmagy ýaly sebäpler çempionatyň başlanmagyna sanlyja gün galanda ýeriniň üýtgemegine getirdi. Şunlukda, CONMEBOL çempionatyň Braziliýada geçiriljekdigini habar berdi. Başgaça aýdylanda, kowid 19 meseleleri boýunça Argentinadan has beter bolan Braziliýada geçiriljekdigi mälim edildi. Ozalky bellenen wagtyndan 2 gün soň giç başlanjak çempionat 13-nji iýunda başlap, 10-njy iýulda tamamlanar.

Çempionaty guramagy pandemiýa sebäpli juda ýowuz günleri başdan geçirýän Braziliýanyň kabul etmegine milli ýygyndynyň ýyldyzlary öz nägileligini bildirip başladylar. Eýýäm birnäçe oýunçy milli toparda çykyş etmek islemeýändigini mälim etdi. Çempionatyň ýurtda geçirilmegine halkyň hem belli bir bölegi-de öz nägileligini bildiripdi. Öňümizdäki günlerde wakanyň nähili boljakdygy welin häzirlikçe nämälim.

Kopa Amerika 2021-e 10 ýygyndy gatnaşyp, olar “A” toparçada Gündogar zolakda (Argentinanyň, Boliwiýanyň, Urugwaýyň, Çiliniň hem-de Paragwaýyň, “B” toparçada Günbatar zolakda (Braziliýanyň, Kolumbiýanyň, Wenesuelanyň, Ekwadoryň hem-de Perunyň) çykyş ederler. Duşuşyklar ýurduň 4 şäherinde – Rio de Žaneýroda (Marakana, Estadio Nilton Santos, paýtagty Brasiliada (Estadio Nasional Mane Garrinça), Kuiabada (Arena Pantanal) hem-de Goianiada (Estadio Olimpiko) 5 stadionda geçiriler.