Türkmenistandaky
iň iri gurluşyk we hojalyk
harytlarynyň söwda
merkezler toplumy
575555 / 575757 / 575553

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti şu gün (7-nji iýun) sagat 12:00-daky Watan habarlar gepleşiginden soň Miras teleýaýlymynda ilkinji gezek «Biziň ýaşlygymyz» atly teleserialyň birinji bölümini tomaşaçylaryna hödürleýär. Bu barada komitetiň https://turkmentv.gov.tm resmi web-sahypasy habar berilýär.

Bu teleserialy ýaýlyma goýbermek üçin, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti «Naqada (Wuhan) Information & Consulting» korporasiýasy bilen şertnama baglaşypdyr.

Hytaýyň günortasyndaky kiçi şäherleriň birinde ýaşaýan 5 sany goňşynyň gyzykly başdan geçirmeleri barada gürrüň berýän bu serial tomaşaçylary 80-nji ýyl bilen 90-njy ýyllary sepleýän döwrüň ýatdan çykmajak günlerine alyp gider. 5 goňşy dostuň bir-biri bilen arkalaşmagy, dürli kynçylyklary sezewar bolanlarynda bilelikde ýeňmäge synanyşmagy tomaşaçylarda dostluga we durmuşa umytly seretmäge bolan täsin duýgulary oýarjakdygy ikuçsuzdyr.