Türkmenistandaky
iň iri gurluşyk we hojalyk
harytlarynyň söwda
merkezler toplumy
575555 / 575757 / 575553

Ýene-de 4 günden başlanjak futbol boýunça 16-njy Ýewropa çempionatynda 19 sany emin jürlewük çalar. Olaryň arasynda yklymyň öňdebaryjy eminlerinden germaniýaly Feliks Bryh, türkiýeli Jüneýt Çakyr, gollandiýaly Býorn Kuipers dagy hem bolup, ady agzalan eminleriň üçüsi hem Ýewropa çempionatynda 3-nji gezek eminlik ederler. Çempionlar ligasynyň finalynda jürlewük çalan Antonio Mateu Lahoz, italiýaly Daniele Orsato ýaly tejribeli eminler hem duşuşyklara emin ederler. Şeýle-de 19 sany baş eminiň arasynda Argentinadan hem emin bolup, Fernando Rapallini Günorta Amerikadan Ýewropa çempionatlarynda eminlik etjek ilkinji emin bolar.

Bulardan başga-da 22 sany VAR otagy eminleri hem-de goşmaça 6 sany emin hem sanawa alyndy. Şol goşmaça eminleriň arasynda fransiýaly zenan baş emin Stefanie Frappar hem bar. Ýewropa çempionaty 11-nji iýun başlap, 11-nji iýulda-da tamamlanar.

Baş eminleriň sanawy

Feliks Bryh (Germaniýa)

Jüneýt Çakyr (Türkiýe)

Karlos del Serro Grande (Ispaniýa)

Andreas Ekberg (Şwesiýa)

Orel Grinfeld (Ysraýyl)

Owidiu Hasegan (Rumyniýa)

Sergeý Karasýow (Russiýa)

Iştwan Kowaç (Rumyniýa)

Býörn Kuipers (Niderlandlar)

Danni Makkelie (Niderlandlar)

Antonio Mateu Lahoz (Ispaniýa)

Maýkl Oliwer (Angliýa)

Daniele Orsato (Italiýa)

Fernando Rapallini (Argentina)

Daniel Sibert (Germaniýa)

Artur Soares Dias (Portugaliýa)

Entoni Teýlor (Angliýa)

Klemen Turpen (Fransiýa)

Slawko Winçiç (Sloweniýa)