Türkmenistandaky
iň iri gurluşyk we hojalyk
harytlarynyň söwda
merkezler toplumy
575555 / 575757 / 575553

Ýewropa çempionatynyň başlanmagyna 3 gün galanda, şikes alan oýunçylaryň habarlary yzly-yzyna gelip başlady. Niderlandlaryň ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Donni wan de Bekden soň, Polşanyň ýygyndysynyň hem esasy hüjümçileriniň biri – Arkadiuş Milik hem çempionata gatnaşyp bilmez. Geçen möwsümi Fransiýanyň “Marsel” klubunda geçiren 27 ýaşyndaky hüjümçi ýygyndynyň esasy hüjümçisi Robert Lewandowskiniň gerek bolan ýagdaýynda alternatiwi hökmünde görülýärdi. Polşanyň düzüminde Kşiştof Pýontek hem şikesi sebäpli düzüme çagyrylmandy. Polşanyň ýygyndysy “E” toparçada Ispaniýanyň, Şwesiýanyň hem-de Slowakiýanyň ýygyndylary bilen duşuşar.