Türkmenistandaky
iň iri gurluşyk we hojalyk
harytlarynyň söwda
merkezler toplumy
575555 / 575757 / 575553

Çempionata gatnaşýan ýygyndylaryň köýnekçeleriniň hemaýatkärlerine seredenimizde, hemişe bolşy ýaly bu ugruň 2 ägirdi – ABŞ-nyň “Nike” hem-de Germaniýanyň “Adidas” kompaniýalarynyň öňdebaryjylardygyna ýene bir ýola göz ýetirýäris. Bu iki öndürijiniň arasynda çempionlyk gazanmakda “Adidas” ep-esli öňde bolup (8 çempionlyk), “Nike” kompaniýasynyň 1  çempionlygy bar, ony-da 2016-njy ýylda Portugaliýanyň ýygyndysy bilen gazanypdy.

“Nike” kompaniýasynyň köýnekçelerini geýýän ýygyndylaryň sany 9-a, “Adidas” üçin bu görkeziji 8-e deňdir. Çempionlygyň esasy dalaşgärlerinden Fransiýanyň, şol sanda Angliýanyň, soňky çempion Portugaliýanyň, Türkiýäniň, Polşanyň, Horwatiýanyň,  Niderlandlaryň, Polşanyň, Finlýandiýanyň hem-de Slowakiýanyň ýygyndylaryny köýnekçe bilen “Nike” kompaniýasy üpjün edýär.

Germaniýanyň, Belgiýanyň, Şwesiýanyň, Uelsiň, Russiýanyň, Şotlandiýanyň, Ispaniýanyň hem-de Wengriýanyň ýygyndylarynyň köýnekçe hemaýatkäri hökmünde nemes kompaniýasy “Adidas” çykyş edýär. Köýnekçe hemaýatkärliginde Germaniýanyň “Puma” kompaniýasy 3-nji ýerde bolup, 4 ýygyndy – Italiýanyň, Şweýsariýanyň, Çehiýadyr Awstriýanyň ýygyndylary ady agzalan şereketiň önümlerini geýýär. Ukrainanyň ýygyndysy ispan kompaniýasy “Jomanyň”, Daniýanyň ýygyndysy ýerli “Hummel” kompaniýasynyň, şeýle-de çempionatyň debýutantlaryndan Demirgazyk Makedoniýanyň ýygyndysy nemesleriň “Jako” kompaniýasynyň köýnekçelerini geýerler.