«QS Quacqua­rel­li Sy­monds» yl­my-bar­lag mas­la­hat be­riş mer­ke­zi ta­ra­pyn­dan dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy ýo­ka­ry ok­uw mek­dep­le­ri­niň sa­na­wy dü­zül­di. «QS World Univer­si­ty Ran­kings 2022» atly sa­naw köp ýyl­dan bä­ri taýýarlanýar. Sa­na­wa müň­den gow­rak uni­wer­si­tet­ler, institutlar we beýleki ylmy-barlag merkezleri girizilipdir.
Sa­naw dü­zü­len­de halkara ylmy edebiýata goşandy, iş be­ri­ji­niň meşhurlygy, ta­lyp­la­ryň we diňleýjileriň mu­gal­lym­lar bi­len gat­na­şy­gy, hal­ka­ra ylmy iş­gär­le­ri­ň pa­ýy we da­şa­ry ýurt­ly ta­lyp­la­ryň pa­ýy ýa­ly öl­çeg­ler na­zar­da tu­tul­ýar.
Şo­ňa gö­rä-de, 10 ýyl­dan bä­ri öň­de­li­gi ABŞ-nyň Mas­sa­çu­sets teh­no­lo­gi­ýa uni­wer­si­te­ti eýe­läp gel­ýär. Şeý­le hem öň­dä­ki 3 orun­da ABŞ-nyň hem-de Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň uni­wer­si­te­le­ri bar. Ikin­ji orun­da Oks­ford, üçün­ji orun­da bol­sa Sten­ford we Kemb­rij uni­wer­si­tet­le­ri dur­ýar. Gar­ward uni­wer­si­te­ti 5-nji, Kal­ifor­ni­ýa teh­no­lo­gi­ýa ins­ti­tu­ty 6-njy or­ny eýe­le­di. 7-nji orny Lon­do­nyň Im­per kol­le­ži eýe­län bol­sa, 8-nji or­ny Sýu­ri­hiň ýo­ka­ry teh­ni­ki mek­de­bi bi­len Lon­do­nyň uni­wer­si­te­t kol­le­ji paý­laş­dy. Il­kin­ji on­luk­da Çi­ka­go uni­wer­si­te­ti hem öz or­nu­ny al­dy.

Ne­dir ATA­ÝEW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.